Türkmenistanda kino sungatynyň ösdürilmegine, şeýle hem bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny döwrebap derejede ösdürilmegine berilýän goldawlaryň netijesinde, türkmen kinematografiýa ulgamynyň wekilleri halkara derejesindäki kinofestiwallara, kino forumlara yzygiderli çagyrylýar. Şol bir wagtda türkmen kinorežissýorlary halkara kinofestiwallarynda emin agzalarynyň sanawyna goşulyp başlady.
Ine, şu ugurda gazanylan üstünlikleriň netijesinde türkmen kinomatografiýasynyň wekilleri Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçiriljek halkara kinofestiwalyň hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Şuşa şäherinde geçiriljek “Gorkut ata” kinofestiwalynyň emin agzalarynyň sanawyna goşuldy.
Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň kinorežissýory Sahysalyh Baýramow şu ýylyň 29-njy sentýabry-2-nji oktýabry aralygynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçiriljek XV Halkara Daşkent kinofestiwalynyň özbek milli kinolarynyň bäsleşiginiň emin agzalygyna saýlandy.
Şeýle hem 2023-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty bolan Azerbaýjanyň Şuşa şäherinde geçiriljek “Gorkut ata” kinofestiwalynyň çeper filmler boýunça emin agzalarynyň sanawyna türkmen režissýory Sahysalyh Baýramow hem-de dokumental filmler boýunça emin agzalarynyň sanawyna «Türkmenfilm» birleşiginiň tejribeli operatorlaryndan Pälwan Geldiýew emin agzalarynyň sanawyna girizildi.
Ozal hem habar berşimiz ýaly, Daşkent şäherinde geçirilýän halkara kinofestiwala türkmen režissýorlar täze filmleri bilen gatnaşarlar.
Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi Halkara Daşkent kinofestiwala gatnaşar