Şu ýylyň 19-20-nji marty aralygynda hormatly Prezidentimiz Katar Döwletinde iki günlük döwlet saparynda boldy. Bu sapar türkmen-katar gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmakda möhüm ädim boldy.
Mälim bolşy ýaly, iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1996-njy ýylyň noýabrynda ýola goýuldy. Döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmeginde ýokary derejede geçirilýän duşuşyklara we gepleşiklere möhüm orun degişlidir.
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda bedew bady bilen öňe barýan Bitarap Türkmenistan döwletimiz Ýakyn Gündogar sebitinde ýerleşýän döwletler bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagy maksat edinýär. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiziň bu gezekki Katar Döwletine amala aşyran sapary iki dostlukly döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň ýylýazgysynda möhüm seneleriň biri hökmünde öz ornuny aldy.
Bu saparyň çäklerinde geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ilkinji döwlet saparynyň iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigi aýratyn bellenildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Doha şäherinde ýerleşýän ilçihanasynyň açylmagy uzak möhletleýin esasda ýola goýulýan türkmen-katar gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ýardam berer.
Mälim bolşy ýaly, golaýda hormatly Prezidentimiz Doha şäherinde Türkmenistanyň ilçihanasynyň açylmagy babatda taryhy resminama gol çekipdi. Ýeri gelende bellesek, Kataryň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasy 2014-nji ýylyň dekabrynda açyldy. Şeýlelikde iki döwletiň hem paýtagtynda işleýän diplomatik wekilhanalar türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň geljeginde möhüm orny eýelär.
Katar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugrudygyny belleýän hormatly Prezidentimiz bu dostlukly döwlet bilen ilkinji nobatda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ýurda amala aşyran saparynyň ilkinji duşuşyklaryny Kataryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşykdan başlady.
Türkmenistanda Katar Döwletine we onuň işewür toparlaryna ynamdar hyzmatdaş hökmünde garalýandygy bellenildi. Duşuşygyň dowamynda energetika, oba hojalyk toplumy, dokma pudagy, ylmy we innowasion önümçilikler, şäher gurluşygy, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmak ýaly pudaklarda maýa goýum işini ösdürmegiň mümkinçilikleri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylmagy iki ýurduň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň has giňdiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Mahlasy, bu saparyň çäklerinde gol çekilen möhüm resminamalar, Milli bahar baýramynyň öňüsyrasyndaky bu taryhy sapar, sözüň doly manysynda, diýseň netijeli boldy. Geçirilen gepleşiklerdir duşuşyklar bolsa iki döwletiň ýakyn hyzmatdaşlar we dostlar hökmündäki aýdyň geljeginiň buşlukçysyna öwrüldi.
Gülnur Hojaýewa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.