TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Türkmen izogamy dünýä bazaryna çykýar

Häzirki wagtda ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda halk hojalygynyň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmagyň we ösdürmegiň, bazar gatnaşyklaryny, hususy telekeçiligi ösdürmegiň hasabyna milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny we eksport kuwwatyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli ulgamlaýyn işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň internet sahypasyndaky habara görä, bu alnyp barylýan işleriň netijesinde ýurdumyzda öndürilýän dürli önümleriň möçberi artýar hem-de olaryň görnüşleri giňelýär.

Eksportyň düzüminde ýerli çig mallaryndan öndürilen harytlar hem uly orun tutýar. Şeýle harytlaryň hatarynda «Gudratly Mekan» hojalyk jemgyýeti tarapyndan «Gudratly Mekan» haryt nyşany bilen öndürilýän izogam gurluşyk harytlaryny görkezmek bolar.

Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Aşgabat şäher gümrükhanasynyň iş çäklerinden bu hojalyk jemgyýeti tarapyndan eksporta çykarylan izogam önüminiň jemi möçberi 419 900 m2 deň boldy. Haryt tapgyrlary esasan Owganystan Yslam Respublikasyna, Özbegistan Respublikasyna we Gruziýa eksport edildi.

Munuň özi ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň oňyn netijeleriniň biridir.

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Azerbaýjandan gelen telekeçi dokma önümlerini satyn aldy

“GaffneyCline” Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýär

“GlobalPetrolPrices”: Türkmenistan — benziniň iň arzan ýurtlarynyň onlugynda

Teswirle