Türkmen işewürlere daşary ýurt maýadarlar bilen hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilik döredildi. Türkmenistan gazetinde çap edilen bildirişde şeýle diýilýär:
HORMATLY IŞEWÜRLER!
Ýurdumyzyň maýa goýum syýasatyndan ugur alnyp, dünýä tejribesine laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi Ösüş gaznasynyň bilelikde gatnaşmagynda «Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti döredildi. Hormatly işewürler, Sizi «Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň üsti bilen Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösdürilmegine gönükdirilen strategik taslamalara maýa goýmak isleýän halkara maýadarlaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga we bu ugurda hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýarys!
Salgymyz: Aşgabat şäheriniň Garaşsyzlyk şaýolunyň 32-nji jaýy. Telefon belgileri: +993(12) 48-19-28, 48-19-38. Elektron salgysy: turkmeninvest@sanly.tm