TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmen ilçisi resmi taýdan işe başlady

Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ş.Jumaýewiň Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Marselu Rebelu de Souza özüniň ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.

Dabaranyň barşynda Portugaliýanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa öz mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.

Şeýle hem Marselu Rebelu de Souza iki ýurduň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde portugal tarapynyň uly isleginiň bardygyny nygtady.

Ilçi Şohrat Jumaýew Prezident Marsela Rebelo de Sousany türkmen-portugal hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek üçin diplomatik tejribesini we bilimini ulanmak babatda tagalla etjekdigini mälim etdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen 2019-njy ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şöhrat Jumaýew şol bir wagtda Türkmenistanyň Portugaliýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenipdi.

Şeýle hem türkmen ilçisi şol bir wagtda 2019-njy ýylyň 13-nji iýunynda Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky Hemişelik Wekili hökmünde hem işe başlapdy.

 

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

Teswirle