TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmen-hytaý ýokary derejedäki gepleşikler: resminamalar toplumyna gol çekildi

Şu gün Sian şäherinde geçirilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň gepleşikleri tamamlanandan soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Döwlet Baştutanlaryň gatnaşmagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlyk babatynda möhüm resminamalara gol çekildi. Husasan-da bu resminamalar gümrük edaralaryň özära düşünişmek, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hyzmatdaşlyk, şeýle hem syýasy partiýalaryň alyş-çalyş etmegine gönükdirilen.

Bu ylalaşyklar şu ýylyň ýanwar aýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Pekina döwlet saparynyň çäklerinde gol çekilen resminamalar toplumynyň üstüni doldurýandygyny aýratyn bellemek gerek.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki döwletiň Baştutanlary geçirilen gepleşikleriň netijelerine kanagatlanma bildirip, taraplaryň iki dostlukly döwletiň we halklaryň bähbidine giň gerimli strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga ygrarlydygyny tassykladylar.

Ýene-de okaň

Türkmen-wenger gepleşikleri: ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkiýäniň Merkezi bankynyň ilkinji zenan ýolbaşçysy

Türkmenistan bilen Wengriýa bilelikde derman serişdelerini öndürmek isleýär

Ata Watan Eserleri

Teswirle