TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Türkmen hususyýetçileri 10 müň tonnadan gowrak pomidor eksport etdi

Türkmenistanda oba-hojalyk ekinlerini ýyladyşhanalarda ösdürip ýetişdirmäge Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary işjeň gatnaşýarlar. Olar tarapyndan ösdürilip ýetişdirilýän pomidorlar daşary ýurtlarda uly islegden peýdalanýar. Bu barada “tstb.gov.tm” internet neşirinde bellenilip geçilýär.

Şu ýylyň ýanwar aýynda türkmen hususy pudagyň wekilleri daşary ýurtlara 10 müň 500 tonnadan gowrak pomidor eksport etdiler. Bol hasyl esasan-da, Russiýa Federasiýasyna, Gazagystana, Gyrgysyztana, Birleşen Arap emirliklerine iberildi.

Geljekde daşary ýurtlara iberilýän pomidor hasylynyň mukdaryny artdyrmagy  göz öňünde tutýan türkmen telekeçileri ýyladyşhanalarda yzygiderli zerur işleri geçirýärler.

18-nji fewral ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Gazagystan türkmen gazyny eksport etmäge gyzyklanma bildirýär

Türkmenistan-Gazagystan: söwda dolanyşygy yzygiderli artýar

Eýranyň paýtagtynda «IAPEX-2022» halkara awtoulag sergisi geçiriler

Teswirle