Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmen halysynyň baýramyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, meýilleşdirilen çäreleriň çäklerinde 28-nji maýda Türkmen halysynyň milli muzeýinde önümçiligiň öňdebaryjylary sylaglamak dabarasy geçiriler. Milli halyçylyk sunagty ösdürmekde we kämilleşdirmek bitiren hyzmatlary üçin, şeýle hem köp ýylaryň dowamynda çeken zähmetini, hünär ussatlygyny hazara alyp, olara “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” diýen hormatly atlar dakylar.
Paýtagtymyzda “Türkmeniň halysy-türkmeniň kalby” atly türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň ХХIII mejlisini hem-de ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertini geçirmek göz öňünde tutulýar.