TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Türkmen halysy-milli gymmatlyk

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taýsyz ala­da­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­zyň ar­zy­sy bar­ha art­ýar. Il-günüň kal­by­na de­ňelýän ne­pis we owa­dan ha­ly­la­ry­myz me­de­ni mi­ra­sy­my­zyň iň aja­ýyp sun­gat ese­ri hök­mün­de bar­ha kä­mil­leş­di­ril­ýär. Türk­men ha­ly­sy — mu­nuň özi hal­ky­my­zyň mil­li ta­ry­hy­nyň sa­ka­sy, göz­li çeş­me­si­dir.

Türk­men gelin-gyzlarynyň uz bar­mak­la­ry­nyň gud­ra­tyndan dö­re­ýän ha­ly önüm­le­ri türk­me­niň dur­mu­şy­ny be­ze­ýär. Ir­ki dö­wür­ler­de ata-ba­ba­la­ry­my­zyň dö­re­den «Agyr ha­ly­ny ka­kyp bol­maz, ow­nuk daşyn dö­küp bol­maz» ma­ta­lyn­dan as­man gi­ňiş­li­gi­niň äpet ha­la, onuň ýyl­dyz­la­rynyň bol­sa ha­ly göl­le­ri­ne meň­ze­dil­me­gi bu aja­ýyp sun­ga­tyň mu­kad­des­li­ginden ha­bar ber­ýär.

Her ýylyň maý aýynyň ahyrynda  ýurdumyzda Türkmen halysynyň baýramy giňden bellenilýär. Türkmen halysy – türkmen halkynyň medeni gymmatlyklarynyň esaslarynyň biridir.  Ussat türkmen halyçylary köp asyrlaryň dowamynda özboluşly halyçylygyň aýratynlyklaryny gorap saklapdyrlar. Milli halyçylyk sungatynda türkmen halkynyň maksada okgunlylyk, ruhubelentlik ýaly häsiýetleri jemlenýär. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döwlet nyşanlaryndaky haly gölleri türkmen halky-nyň agzybirligini, bitewüligini, milletimiziň paýhasyny we ajaýyplyga bolan yhlasyny hem-de öz-boluşly sazlaşygyny äşgär edýär.

Türkmen halylarynyň hormatyna guralýan çäreler milli mirasymyzy wagyz etmek, giň jemgyýetçiligi ýurdumyzyň gazananlary bilen tanyşdyrmak, şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ýola goýmak üçin oňyn mümkinçilikleri döretýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň howan­dar­ly­gyn­da ha­ly­çy­lyk se­ne­di has-da ös­dü­ril­di. Bu gün­ki gün türk­men ge­lingyz­la­ry ga­dy­my, mil­li ha­ly se­ne­di­mi­ziň täzeden-täze nus­ga­la­ry­ny dö­red­ýärler. Gahryman Arkadagymyzyň  «Ar­şyň ne­pis­li­gi» at­ly ki­ta­byn­da bel­leýşi ýa­ly: «Ha­ly — hal­ky­my­zyň ga­dy­my hem mü­di­mi, owal-ahyr yg­rar­ly sun­gaty­dyr». Beý­le sun­gat bol­sa el­my­da­ma sar­pa­lan­ma­ga, ta­ry­py­ny be­lent tut­ma­ga my­na­syp­dyr.

Öň­ki dö­wür­ler­de bol­şy ýa­ly, hä­zir­ki dö­wür­de-de da­şa­ry ýurt­lu­lar türk­men ha­ly­la­ry­ny örän sar­pa­la­ýar­lar. Mil­li ha­ly sun­ga­ty­myz bu gün­ki gün da­şa­ry ýurt­lar­da we öz ýur­du­myz­da ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra ser­gi­le­re gat­naş­dy­ryl­ýar. Türkmen ha­ly­la­ry hal­ka­ra ser­gi­le­rin­de da­şary ýurt­ly ha­ly­şy­nas­la­ryň söý­gü­si­ne, ýo­ka­ry ba­hasy­na my­na­syp bol­ýar. Ulu­ly­gy bo­ýun­ça dünýä­de iň äpet ha­ly hökmün­de «Al­tyn asyr» atly türk­men ha­ly­sy­nyň Ginne­siň re­kord­lar ki­taby­na, türk­men ha­ly­çy­lyk sun­ga­ty­nyň ÝU­NES­KO-nyň Adamzadyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sanawyna girizilmegi äh­li türk­me­nis­tan­ly­lar üçin ju­da ýa­kym­ly­dyr we buý­sanç­ly­dyr.

Haly sungatynyň yzygiderli ösdürilmegi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu çeper senetçiligi giňden wagyz etmek, gadymy haly nusgalaryny saklamak maksady bilen, ýurdumyzyň halyçylyk pudagynyň önümçilik düzümleri döwrebap-laşdyrylýar. Täze çeperçilik haly kärhanalary gurulýar. Olarda halyçylaryň netijeli zähmeti we amatly dynç almaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Merjen Sarjaýewa,

Döwletmämmet Azady adyndaky

Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.

Ýene-de okaň

Arkadag şäheri – beýik taslamalaryň çäginde

Welosiped ─ bu hereketiň nyşany

Ata Watan Eserleri

Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri

Teswirle