JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Ýewropanyň emeli aň boýunça toplan tejribesi peýdalydyr

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Euronews” telekompaniýasynyň habarçysy bilen söhbetdeş bolup, dünýäniň iri telekompaniýasynyň sowallaryna jogap berdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilýär.

Ýewropanyň öňdebaryjy telekompaniýasynyň öňde boljak “Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi” ilkinji sammiti barada beren sowalyna jogap beren Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow munuň ilkinji sammit boljakdygyny belledi.

– Bu ilkinji “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” sammiti bolar. Munuň özi aýratyn umytlary we düşünjeleri berýär. Bu sammitden ähli ugurlarda gatnaşyklar boýunça deňhukukly, strategik we işjeň dialoga, möhüm çözgütleriň hem-de ylalaşyklaryň gazanylmagyna garaşýarys.

Dünýä örän çalt özgerýär, täze syýasy, geoykdysady ýagdaýlar ýüze çykýar. Bu ýagdaýlary hasaba almak bilen, hyzmatdaşlygyň many-mazmunyny hem kesgitlemelidiris.

Men hyzmatdaşlygyň mümkinçiliginiň uludygyna ynanýaryn. Sebäbi Merkezi Aziýa döwletleri çalt depginler bilen ösýär. Aziýanyň we Ýewropanyň geografik taýdan amatly çatrygynda ýerleşýän bu ýurtlaryň ägirt uly tebigy serişdeleri, ýaş we işewür ilaty bar.

Häzirki döwürde Merkezi Aziýa dünýäniň parahatçylyk, howpsuzlyk, durnuklylyk şertlerinde ýaşamaga we ösmäge islegleri bolan örän möhüm sebitidir. Ol daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen deňhukuklylyk, özara bähbitlilik esasynda hyzmatdaşlyk edýär. Bu düzgünler Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we olaryň Liderleriniň özara gatnaşyklarynyň esasynda durýar. Häzirki döwürde olaryň arasynda içerki sebit dialogynyň hem-de hyzmatdaşlygyň netijeli usullary ýola goýuldy. Merkezi Aziýa hut şeýle garalmalydyr we Ýewropa Bileleşigi üçin özüne çekiji bolmalydyr.

Elbetde, Ýewropa Bileleşiginiň ykdysady, ekologiýa, tehnologiýalar, emeli aň ulgamlarynda toplan tejribesi, gazanan üstünlikleri we mümkinçilikleri biziň ýurtlarymyz üçin peýdalydyr hem-de gyzyklydyr.

Ählumumy daşary syýasat gün tertibi boýunça hyzmatdaşlyk etmekde-de gowy mümkinçilikler bar diýip pikir edýärin. Sebit howpsuzlygyny üpjün etmekde, serhetleri berkitmekde, neşeleriň ýaýramagyna garşy göreşmekde we ençeme beýleki ugurlarda hem arkalaşykly işleşmäge giň şertleriň bardygyna ynanýaryn.

Umuman, Merkezi Aziýanyň Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklary barada aýdylanda, Türkmenistan bu gatnaşyklaryň:

— uzak möhletli;

— netijeli;

— toplumlaýyn hem-de anyk bolmagyny isleýär.

Biz geçiriljek sammitiň şeýle gatnaşyklara zerur itergi bermegine bil baglaýarys. Bu hyzmatdaşlygyň birek-birege bähbitli we geljeginiň uly boljakdygy aýdyňdyr. Şoňa görä-de, özara bähbitlilik esasynda bar bolan mümkinçilikleri netijeli durmuşa geçirmek üçin bilelikde işlemelidiris- diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

 

Milli Liderimiz: “Galkynyş” käni gazyň möçberi boýunça dünýäde birinji orunda durýar

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 26-njy martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanda Gadyr gijesi mynasybetli 321 sany raýatyň günäsi geçilýär

Ata Watan Eserleri

Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň ilçisi Rumyniýanyň döwlet sekretary bilen duşuşdy

Emeli aň bilen ilkinji gezek aýdym albomyny döretdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkiýäniň energetika ministrini kabul etdi