JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri: türkmen gazyny Hazaryň we Azerbaýjanyň üsti bilen Türkiýä ibermek üçin mümkinçilikler bar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak maksady bilen, Türkiýe Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Bu saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkiýäniň döwlet teleradiokompaniýasynyň “TRT World” teleýaýlymynyň habarçysy Ýusuf Erimiň energiýa serişdelerini ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak nukdaýnazaryndan, energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli sowalyna jogap berip, tebigy gazyň gorlary boýunça Türkmenistanyň dünýäde dördünji orny eýeleýändigini belledi. Şunda iri “Galkynyş” gaz känini aýdyň mysal hökmünde görkezmek bolar. Geçirilen soňky audite görä, bu gaz käniniň gory 27 trillion kub metrden hem gowrakdyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu baradaky gürrüňi dowam edip, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ýurdumyzyň başlangyjy esasynda birnäçe Kararnamalaryň kabul edilendigini nygtady. Türkmenistan öz tebigy gazyny köp döwletlere iberýär. Şunda önüm öndürijileriň, sarp edijileriň we üstaşyr geçirijileriň arasyndaky sazlaşygyň energetika hyzmatdaşlygynda möhüm görkeziji bolup durýandygy bellenildi.

Türkmenistan “Açyk gapylar” ýörelgesine esaslanýan daşary syýasy ugry durmuşa geçirmek bilen, mawy ýangyjy dürli ugurlar boýunça ibermek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedir. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri şu saparyň çäklerinde degişli resminamalara gol çekilendigini habar berdi. Şeýle hem tebigy gazy gaýtadan işlemek we eksport etmek üçin ýurdumyzyň mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi. Mineral dökünleriň, ekologik taýdan arassa ýangyjyň, polipropilenden öndürilýän önümleriň önümçiligi ýola goýuldy. Milli ýangyç-energetika pudagynyň ösüşi diwersifikasiýa ýoly bilen amala aşyrylýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri energiýa serişdelerini eksport etmegiň hukuk meselesine degip geçip, 2018-nji ýylda Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýanyň kabul edilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri türkmen mawy ýangyjyny Hazaryň we Azerbaýjanyň üsti bilen Türkiýä ibermek üçin mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Ýene-de okaň

Ýer meseleleri baradaky döwlet topary hakynda Düzgünnama tassyklandy

BMG-niň Baş sekretary türkmen halkynyň Milli Liderine hat iberdi

Antoniu Guterriş Türkmenistanyň Prezidentine hat iberdi

Ata Watan Eserleri

Lebapdaky mugallymçylyk mekdebi Türkmenistanyň ähli ýerlerinde ýaşaýan ýaşlary okuwa kabul eder

Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNISEF-iň ýurdumyzdaky täze wekilini kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Türkiýäniň energetika ministri Türkmenistana sapar bilen geler