JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Täjigistanda saparda bolar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistanda saparda bolar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Täjigistana sapary 4-nji aprelde göz öňünde tutulýar.

Täjik metbugatynyň habaryna görä, türkmen halkynyň Milli Lideriniň Täjigistana sapary döwründe türkmen sungat ussatlarynyň uly topary hem saparda bolar. 3-nji aprelde Sadriddin Aýni adyndaky oepara we balet teatrynda Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň konserti bolar. 4-nji aprelde türkmen amaly-haşam sungatynyň eserleriniň we suratlaryň sergisi, şeýle hem iki ýurduň sungat ussatlrarynyň konserti bolar.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň saparynyň çäklerinde ýokary derejedäki duşuşyklar göz öňünde tutulyp, dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşylar.

 

Ýene-de okaň

Beýik Britaniýanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Türkmenistan bilen Beýik Britaniýa täze ylalaşyklara gol çekdiler

Beýik Britaniýanyň daşary işler ministri Merkezi Aziýa saparyna başlady

“Galkanyň” hokkeýçileri «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen hormatly ada eýe boldular

“Galkan” – çempion

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitaby Ankarada tanyşdyryldy