Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammed Şahbaz Şarif türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hat iberdi. Ol hatda Pakistanyň Hökümetiniň Başlygy türkmen halkynyň Milli Liderini resmi sapar bilen Pakistana gelmäge çagyrdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.
Bu hatda şeýle diýilýär:
– Siziň Alyhezretiňiz iýul aýynda Astanada Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň çäklerindäki ýakymly duşuşygymyz üçin Size hoşallygymy bildirmek isleýärin. Bu duşuşyk ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatda birnäçe teklipler boýunça netijeli pikir alyşmaga mümkinçilik berdi.
Pakistan-türkmen gatnaşyklaryny täze derejä çykarmak babatda Siziň şahsy garaýşyňyz mende uly täsir galdyrdy. Pakistan Türkmenistan bilen doganlyk gatnaşyklaryna ýokary baha berýär. Umumy taryhy gymmatlyklary hem-de geografiki ýagdaýy bilen baglanyşýan ýurtlarymyz dost we hyzmatdaşdyrlar.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Siziň Alyhezretiňizi Pakistan Yslam Respublikasyna resmi sapar bilen gelmäge çagyrýaryn we Sizi garşy almak mümkinçiligine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.