JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri owgan harytlarynyň sergisine baryp gördi

Ozal habar berlişi ýaly, şu gün ─ 2024-nji ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda  owgan harytlarynyň sergisi hem-de türkmen-owgan işewürler  maslahaty  açyldy.

Ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda giňden ýaýbaňlandyrylan sergä türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanyň senagat we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Alhaj Nuruddin Azizi bilen sergide görkezilýän owgan harytlaryny synlady.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde owgan wekiliýeti bilen duşuşdy. Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-üstaşary we medeni-ynsanperwer ugurlaryna seredildi.

Şeýle hem asyryň taslamalary bolan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisi barada pikir alşyldy.

Mundan başga-da, iki goňşy ýurduň serhet ýakalarynda däne ammarlaryny, söwda toplumlaryny we iki ýurduň üçin hem bähbitli bolan beýleki desgalary gurmak bilen bagly meselelere möhüm ähmiýet berildi.

Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge gyzyklanma bildirýän Owganystanyň döwlet düzümlerinden, kompaniýalaryndan we kärhanalaryndan wekilçilikli topar Aşgabada geldi.

Owgan harytlarynyň sergisinde ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna wekilçilik edýän owgan önüm öndürijileriniň 200-den gowragynyň önümleri ýaýbaňlandyrylýar.

Gündogaryň özboluşly aýratynlyklaryny açyp görkezýän çaýlar, kakadylan miweler, halylar we haly önümleri, şaý-sepler, senetçilikden sungat derejesine ýetirilen gaýtalanmajak nusgalar, gymmat bahaly daşlar bilen bilelikde gurluşyk we senagat harytlary, arassaçylyk we ýuwujy serişdeler, derman önümleri, azyk harytlary we içgiler serginiň myhmanlaryna hödürlenilýär.

 Owganystanyň ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmaga hem-de türkmen-owgan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen bu möhüm ähmiýetli çäre asyrlaryň dowamynda goňşy ýaşan iki dostlukly halkyň durmuşynda täze bir sahypany açar.

Owgan harytlarynyň sergisi 6-njy marta çenli dowam eder.

Ýene-de okaň

Ýer meseleleri baradaky döwlet topary hakynda Düzgünnama tassyklandy

BMG-niň Baş sekretary türkmen halkynyň Milli Liderine hat iberdi

Antoniu Guterriş Türkmenistanyň Prezidentine hat iberdi

Ata Watan Eserleri

Lebapdaky mugallymçylyk mekdebi Türkmenistanyň ähli ýerlerinde ýaşaýan ýaşlary okuwa kabul eder

Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNISEF-iň ýurdumyzdaky täze wekilini kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Türkiýäniň energetika ministri Türkmenistana sapar bilen geler