JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ähmiýetini nygtady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ähmiýetini nygtady.

Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda aýtdy.

«Biz, nesip bolsa, geljek ýyl dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde giňden belläp geçeris» – diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň sözlerine görä, ykbalyny halkyň ykbaly bilen mäkäm baglan şahyryň bu gün arzuw eden zamany geldi.

«Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bagtyýarlygyň we agzybirligiň, ösüşleriň ýurduna öwrüldi. Bu barada men «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgymda hem belläp geçdim» – diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň wise-prezidenti Arkadag şäherine baryp gördi

Ata Watan Eserleri

Jewdet Ýylmaz: türkmen tebigy gazyny dünýä bazaryna çykarmakda hyzmatdaşlyga taýýardyrys

Ahalteke atçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň sanawynda

Hökümetara türkmen-türk toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi

Jewdet Ýylmaz: Türkmenistan esasy söwda hyzmatdaşymyz

Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi badalga aldy

Ata Watan Eserleri