TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy parlament saýlawlaryna gatnaşdy

Şu gün Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň we halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlaryna gatnaşdy.

Ir bilen hormatly Arkadagymyz Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň çäginde ýerleşýän Annanyýaz Artykow adyndaky 68-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebindäki 48-nji saýlaw uçastogyna geldi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýörite taýýarlanan ýerde guta býulleten atmak bilen, mynasyp gören dalaşgärlerine ses berdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy jemgyýetçilik-syýasy çäräniň geçirilýän ýerinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeş boldy.

Şu günki geçirilýän syýasy-jemgyýetçilik çäräniň açyklyk, aýanlyk, demokratik ýörelgeleri esasynda geçirilýändigini belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri taryhyň islendik döwrüniň halkara demokratik hukuklaryna, dünýewi talaplarynyň berjaý edilýän ýörelgelerine baýdygyny aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan jemgyýetçilik-syýasy çäräniň ýokary guramaçylyk derejesinde hem-de üstünlikli geçmegini arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherini ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

Tebigaty goramak — halkara tagallalary birleşdirmegiň möhüm ugry

Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady

Teswirle