JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gazagystanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Gazagystanda iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Gazak Lideri türkmen halkynyň Milli Liderine Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna hut özüniň gatnaşýandygy üçin hoşallyk bildirdi.

Gazagystanyň Prezindeti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Astana saparynyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ilerletmek babatda möhüm ähmiýete eýedigini belläp, türkmen-gazak gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilip, strategik hyzmatdaşlyga eýe bolandygyny belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gazagystanyň iri halkara çäreleri guramakdaky işine ýokary baha berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady, energetika, ulag-logistika we beýleki ugurlarda ozal gazanylan ylalaşyklar barada pikir alyşdylar.

Iki ýurduň arasyndaky mednei gatnaşyklara hem aýratyn üns berildi.

Şeýle hem Gazagystanyň Prezidentiniň şu ýylyň oktýabrynda Türkmenistana amala aşyrjak sapary görülýän taýýarlyklar meselelerine hem garaldy.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 2025-nji ýylda geçiriljek halkara çäreler

Türkmenistanyň Prezidenti: Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berýäris

Hazarüsti ulag geçelgesiniň utgaşdyryjy platformasy boýunça Aşgabat duşuşygy

ÝB-niň halkara hyzmatdaşlygy boýunça komissarynyň Aşgabada sapary

Türkmen diplomaty Gruziýanyň Parlamentiniň Medeniýet boýunça komitetiniň başlygy bilen duşuşdy

Latwiýanyň Prezidenti: Türkmenistan Latwiýanyň ýakyn hyzmatdaşy we dostlukly ýurdudyr