JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri daşary ýurtly işewürler bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň baş direktory Ismadi Ismail hem-de “Dragon Oil” kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al Jarwan bilen duşuşdy.

Duşuşykda Türkmenistan bilen BAE-niň dünýäde tebigy gaza we nebite iň baý döwletleriň biridigi hem-de nebitgaz senagatyny ösdürmekde uly tejribä eýedigi bellenildi. Nebitgaz pudagy ýurdumyzyň iň depginli ösýän pudaklarynyň biridir. Bu pudagy ösdürmegiň strategiýasy çig mal serişdelerini ulanmak arkaly milli ykdysadyýet üçin zerur bolan, şeýle-de eksporta niýetlenen önümleri öndürmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, BAE-niň iri kompaniýalarynyň köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika pudagynda durmuşa geçirýän taslamalaryna üns çekildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady ösüş maksatnamalary, senagat pudagyndaky özgertmeler we işewürlik üçin döredilýän oňaýly şertler barada aýdyp, Türkmenistanyň “Dragon Oil” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge taýýardygyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ykdysady ösüş maksatnamalary, senagat pudagyndaky özgertmeleri we işewürlik üçin döredilýän amatly şertleri göz öňünde tutmak bilen, hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň hem-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň “PETRONAS” kompaniýasy bilen nebitgaz pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça hem hyzmatdaşlyk edýändigini belläp, ýurdumyzyň ýola goýlan oňyn hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

Ýene-de okaň

BMG-niň Baş sekretary türkmen halkynyň Milli Liderine hat iberdi

Antoniu Guterriş Türkmenistanyň Prezidentine hat iberdi

Ata Watan Eserleri

Lebapdaky mugallymçylyk mekdebi Türkmenistanyň ähli ýerlerinde ýaşaýan ýaşlary okuwa kabul eder

Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNISEF-iň ýurdumyzdaky täze wekilini kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Türkiýäniň energetika ministri Türkmenistana sapar bilen geler

Baýraktar: türkmen gazyny Eýranyň üsti bilen import etmegi meýilleşdirýäris