JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri: bitewi ulag strategiýasyny döretmeli

“Garagum” myhmanhanasynda geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisinde çykyş eden türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bitewi ulag strategiýasyny döretmegiň zerurdygyny belledi.

Türkiýäniň,  Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistanyň, Wengriýanyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen mejlisde çykyş eden türkmen halkynyň Milli Lideri türki döwletleriň tagallalaryny birleşdirip, ulag ulgamynda maýadarlaryň gatnaşmagynda ylalaşyklaryň gazanylmagynyň mümkindigini mälim etdi.

Türki döwletleriň ýerleşýän sebitine maýa goýjak döwletleriň köpdügine ünsi çeken türkmen halkynyň Milli Lideri Ýaponiýa, Günorta Koreýa, Arap ýurtlary, Türkiýe Respublikasynyň türki dilli döwletlerde maýa goýumlaryny özleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Beýik Ýüpek ýoluny hiç wagt ýatdan çykarmaly däldigini bellän türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek babatdaky strategiýasynyň möhüm ähmiýete eýedigini aýtdy.

 

 

Ýene-de okaň

Lebapdaky mugallymçylyk mekdebi Türkmenistanyň ähli ýerlerinde ýaşaýan ýaşlary okuwa kabul eder

Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNISEF-iň ýurdumyzdaky täze wekilini kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Türkiýäniň energetika ministri Türkmenistana sapar bilen geler

Baýraktar: türkmen gazyny Eýranyň üsti bilen import etmegi meýilleşdirýäris

“Ýüpek ýoly” rallisi: türkmen türgenleri baýrakly dolanýarlar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde täze departamentler döredildi

Ata Watan Eserleri