JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Antoniu Guterrişi Bitaraplygyň 30 ýyllygynyň dabaralaryna çagyrdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda saparda bolan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşygy boldy.

“Arkadag” myhmanhanasynda geçirilen duşuşyk ikiçäk hem-de wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda geçirildi. Milli Liderimiz BMG-niň Baş sekretarynyň şu gezekki saparynyň aýratyn ähmiýetini belläp, oňa Türkmenistan bilen BMG-niň gatnaşyklarynyň taryhyndaky uly ähmiýetli waka hökmünde garalýandygyny nygtady we saparyň netijeleriniň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, oňa täze itergi bermäge, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.

BMG biziň üçin ählumumy goldawa eýe bolan we resmi taýdan ykrar edilen ýeke-täk guramadyr. Biz bu düzüme ählumumy özara gatnaşyklaryň sütüni, dünýäde parahatçylygy, bähbitleriň deňeçerligini, howpsuzlygy gorap saklamagyň kepili hökmünde garaýarys diýmek bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri BMG-niň Baş sekretaryny uly hormat bilen Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geljek ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga çagyrdy.

Türkmenistanyň bu baýramy tutuş halkara bileleşik, ýurdumyzyň köp sanly dostlary, hyzmatdaşlary we pikirdeşleri bilen bilelikde bellejekdigini aýdyp, Milli Liderimiz oňa Antoniu Gutterişiň gatnaşmagynyň ýurdumyz we türkmen halky üçin uly hormat boljakdygyny nygtady.

 

Ýene-de okaň

Lebapdaky mugallymçylyk mekdebi Türkmenistanyň ähli ýerlerinde ýaşaýan ýaşlary okuwa kabul eder

Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNISEF-iň ýurdumyzdaky täze wekilini kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Türkiýäniň energetika ministri Türkmenistana sapar bilen geler

Baýraktar: türkmen gazyny Eýranyň üsti bilen import etmegi meýilleşdirýäris

“Ýüpek ýoly” rallisi: türkmen türgenleri baýrakly dolanýarlar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde täze departamentler döredildi

Ata Watan Eserleri