TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Türkmen halky Garaşsyzlyk toýun toýlaýar

Milli senenamamyzyň iň naýbaşy baýramy — döwlet Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk şöhratly senesi ýetip geldi.

Şu gün Türkmenistanyň milli baýramy — «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen 2022-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda giňden bellenilýän Garaşsyzlyk güni! Garaşsyzlyk biziň döwletliligimizdir, berkararlygymyzdyr we bagtyýarlygymyzdyr. Garaşsyzlyk agzybirligimiziň we jebisligimiziň berk binýadydyr. Watan gözümiziň görejidir, başymyzyň täjidir, Garaşsyzlyk bolsa guwanjymyzdyr!

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini bu gün bütin dünýä görýär we ykrar edýär.

Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, Watan diňe halky bilen Watandyr! Berkarar döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy adamdyr, iň beýik we mukaddes gazanylan zat bolsa garaşsyz ösüşdir, özygtyýarlylykdyr! Watanymyzyň Garaşsyzlygyny, jemgyýetimiziň agzybirligini we asudalygyny goramak ýurdumyzda baş wezipe hasaplanýar.

 Ýurdumyzda yzygiderli durmuşa geçirilýän maksatnamalar, şol sanda 2028-nji ýyla çenli döwür üçin niýetlenen Prezident Maksatnamasy, Oba milli maksatnamasy, Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Milli maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrmak bilen, ýurdumyzyň pul-karz gurşawy has-da döwrebaplaşdyrylar. Ýakyn 7 ýylyň dowamynda ýurdumyzyň maliýe bazarynyň işi has-da kämilleşdiriler, bank hyzmatlarynyň görnüşleri giňeldiler. Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Aziýanyň Ösüş banky, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygymyz has-da ösdüriler.

Şu ýyl ýurdumyzyň günbatar we demirgazyk sebitleriniň merkezlerinde köpugurly hassahanalar, Daşoguz şäherinde bolsa onkologiýa hassahanasy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi. Aşgabat şäherinde Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara pediatriýa merkeziniň hem-de Stomatologiýa merkeziniň gurluşyklary alnyp barylýar.

Ýurdumyz bu gün bäsdeşlige ukyply smart telewizorlary, noutbuklary, planşetleri, monobloklary, sensor ekranly kompýuterleri dünýä bazaryna çykarýar. Bu ugurda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag edaralarynyň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň ylmy merkezleriniň gatnaşmagynda aragatnaşyk, senagat we awtomobil elektronikasy, lukmançylyk we kompýuter tehnikasy, elektron harytlary öndürmek boýunça täze kärhanalaryň döredilmegi geljekki ösüşlerimiziň esasy şertleriniň biri hasaplanýar.

Häzirki döwürde dokma kärhanalarynyň 60-dan gowragynda nah we garyşyk ýüplükleriň dürli görnüşleri, tüýjümek, jins matalary, taýýar egin-eşikler, el halylary öndürilip, ýokary hilli harytlar dünýä bazaryna çykarylýar.

Daýanç Atamyradow,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Ýene-de okaň

San­ly ul­ga­m has-da kämilleşdirilýär

Bitaraplyk- bagtymyz

Ata Watan Eserleri

Radiožurnalistler bilen duşuşyk

Teswirle