BILIM

Türkmen gyzy Moskwada geçirilýän şowhunly telebäsleşige gatnaşdy

Anzan neýro arifmetika ugry boýunça Türkmenistanyň hasaba alnan ilkinji milli rekordynyň eýesi (Halkara Memoriad bütündünýä zehin sportlary federasiýasy tarapyndan tassyklaýjy sertifikat berlen) Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy Liwanur Berdiýewa Moskwa şäherinde geçirilen dünýäniň zehin tarapdan aýratyn tapawutlanan we saýlanan wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän “Удивительные люди” (Täsin adamlar) şowhunly zehin telebäsleşigine gatnaşyp, mynasyp çykyş etdi.


Adamzat beýnisiniň mümkinçilikleriniň işjeňligini ýokarylygyny barlamak maksady bilen geçirilýän şowhunly telebäsleşigiň taryhynda eziz watanymyz Türkmenistanyň adyndan ilkinji gezek gatnaşyp wekilçilik etmek bolsa milli rekordynyň eýesi Liwanur üçin aýratyn buýsançly hem-de guwançly pursatdyr.
Türkmenistanyň ilkinji milli rekordyna eýe bolan okuwçy gyzy Kämil bilim okuw merkeziniň Anzan neýro arifmetika (“Neuro Arithmetic”) dersiniň mugallymy, Türkmenistan boýunça utgaşdyryjysy Döwletmyrat Durdymämmedow taýýarlady.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda täze rektorlar wezipä bellendi

Jons Hopkins uniwersitetiniň lukmançylyk mekdebi mugt bolar

Türkmenistan bilen Wengriýa bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer

Germaniýada talyp haky bilen okamak mümkinçiligi

105 ýaşynda Stenford uniwersitetiniň magistri boldy

«Ýylyň mugallymy — 2024» döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy