TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Türkmen-gyrgyz ykdysady forumy: 15 ylalaşyk gazanyldy

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatda ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda türkmen-gyrgyz ykdysady forumy geçirildi. Oňa Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow we gyrgyz wekiliýeti gatnaşdy.

Bu foruma işjeň gatnaşan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi gyrgyz işewürleri bilen 15 ylalaşyga gol çekişdiler. Gol çekişlik dabaralary onlaýn tertibinde geçirildi.

Bu resminamalar iki ýurduň arasyndaky söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyryp, türkmen we gyrgyz işewürleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürer.

Türkmen tarapyndan “Derýaplastik”, “Täze aý”, “Ýigit”, “Balkandag”, “Işgär”, “Nur önümçilik söwda gurluşyk” hojalyk jemgyýetleri, “Mähriban-Merw”, “Altyn bürgüt” hususy kärhanalary, “Miwe” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti we beýleki hususy telekeçiler ylalaşyklara gol çekişdiler.

Bu gazanylan ylalaşyklaryň çäklerinde türkmen telekeçileri Gyrgyzystana dürli önümleri, hususan-da pomidor, plastik turbalar we beýleki santehniki harytlary ibererler.

 

Aşgabatda türkmen-gyrgyz ykdysady forumy geçirildi

Ýene-de okaň

Eýranyň paýtagtynda «IAPEX-2022» halkara awtoulag sergisi geçiriler

Aşgabat şäherinde Stomatologiýa merkezi gurlar

Aşgabatda Halkara pediatriýa merkezi gurlar

Teswirle