JEMGYÝET

Türkmen gazy Azerbaýjan we Gruziýa arkaly Türkiýä barar

Türkmenistanyň tebigy gazyny Azerbaýjanyň we Gruziýanyň üsti bilen Türkiýe Respublikasyna ibermek babatda ylalaşyk gazanyldy. Bu barada Türkiýäniň metbugat neşirleri habar berýär.

Türk metbugatyndaky habarlara görä, Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar bilen Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň arasynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ylalaşyga gol çekildi.

Şol resminama laýyklykda, taraplar türkmen gazynyň Azerbaýjanyň we Gruziýanyň üsti bilen Türkiýä eksport edilmegi babatda ylalaşdylar.

– Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky nusgalyk hyzmatdaşlygyň netijesinde energiýa serişdelerini ygtybarly ibermek hem-de Ýewropanyň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlygyny üpjün etmek babatda uly tagallalar edilýär. Şu gün gol çekilen ylalaşyga laýyklykda, tebigy gaz pudagyndaky gatnaşyklarymyz täze derejelere çykýar.

Bu ylalaşygyň çäklerinde 2030-njy ýyla çenli Azerbaýjanyň, Hazardaky ýataklardan Türkiýä goçmaça möçberlerde tebigy gazy ibermek we tebigy gazyň bir bölegini Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa eksport etmek mümkinçilikleri göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem bu ylalaşygyň esasy ugurlarynyň biri hem biz Türkmenistanyň tebigy gazyny Azerbaýjanyň we Gruziýanyň üsti bilen Türkiýe ibermek boýunça ylalaşdyk – diýip, Türkiýäniň ministri Alparslan Baýraktar belläp geçdi.

Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň mart aýynda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda birnäçe ylalaşyklara gol çekildi.

Şol ylalaşyklaryň hatarynda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda uglewodorod serişdeleri babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça meýiller hakynda Jarnama; “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Türkiýe Respublikasynyň Energetika we tebigy serişdeler ministrliginiň arasynda tebigy gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi babatda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama bardy.

.

Ýene-de okaň

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk çärelerine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda “Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi” atly forum geçirildi

Ata Watan Eserleri

«Magtymguly» atly kitap çapdan çykdy

Türkmenistanyň Prezidenti Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Magtymguly Pyraga bagyşlanan medeniýet ministrleriniň halkara maslahaty geçirildi

Ata Watan Eserleri

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, medeniýet ministrleri derejesinde geçirilýän halkara maslahata gatnaşyjylara