TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Türkmen futbolçysynyň rekordyny gaýtalap bilýän ýok

Golaýda serbiýaly hüjümçi Boýan Matiç Özbegistan çempionatynda  Daşkendiň  «Pahtakor» toparynyň düzümünde gol geçirmek bilen, öz adyny bu toparyň düzümünde gol geçiren 24-nji daşary ýurtly futbolçy hökmünde taryha ýazdyrdy.

«Pahtakor» toparynda gol geçirenleriň arasynda türkmenistanly futbolçylar Goçguly Goçgulyýew bilen Aleksandr Krohmolyňam bardygyny bellemek gerek.

Ildeşimiz Goçguly Goçgulyýew «Pahtakor» toparynyň taryhynda iň köp pökgi geçiren (26) daşary ýurtly goragçydyr. Ildeşimiziň bu rekordy heniz hem täzelenmedi we bu ýagdaý klubyň internet sahypasyndaky ýörite suratda hem öz beýanyny tapýar.

Ýeri gelende bellesek, Goçguly Daşkendiň bu toparynda gol geçiren daşary ýurtlularyň sanawynda güýçli 3-likde orun alýar.

 

Hytaý Owganystana sanjym kömegini berer

 

Ýene-de okaň

Futbol transfer bazarynyň bahasy 6,6 milliard dollar

Ronaldo kuboksyz galdy

Messi “PSŽ” toparynda galar

Teswirle