TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Türkmen futbolçysynyň Gonkongdaky üstünligi

“Kitçi” toparynda çykyş edýän Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Ruslan Mingazow möwsümiň jemi boýunça Gonkongyň futbol çempionatynyň iň ökde futbolçysy diýlip yglan edildi. Bu barada Gonkongyň Futbol assosiasiýasynyň resmi saýtynda bellenilýär.

Ýeri gelende bellesek, R.Mingazowyň çykyş edýän «Kitçi» futbol topary ýakynda tamamlanan Gonkongyň futbol çempionatynyň ýeňijisi boldy.

Gonkongyň futbol çempionatynyň tamamlanan möwsüminde birbada üç oýunçynyň iň netijeli futbolçy diýen ada eýe bolandygyny bellemek gerek.

Bu abraýa 17 topdan geçiren Ruslan Mingazow (“Kitçi”), Deýan Damýanowiç (“Kitçi”) hem-de «Li Man Uorriorsyň» braziliýaly hüjümçisi Ewerton Kamargo eýe boldular.

Ýakynda bolsa “Kitçi” topary Gonkongyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň hem ýeňijisi boldy. Ildeşimiziň çykyş edýän “Kitçi” topary ýerli Kubogyň final duşuşygynda “Gonkong Reýnjers” toparyndan 7:1 hasabynda üstün çykdy. R.Mingazowyň çykyş edýän toparynyň möwsümdäki üçünji Kubogyny gazanandygyny bellemek gerek. Bu topar möwsümiň başynda “Gonkong Senýor Şild” Kubogyny hem gazanmagy başarypdy.

«Kitçiniň» şu ýylyň ýanwar aýynda Ruslan Mingazow bilen 2025-nji ýyla çenli şertnamasyny täzeländigini ýatladýarys.

Ýene-de okaň

Paýtagtymyzda iri sebit ýaryşyna badalga berildi

Messi PSŽ bilen hoşlaşdy

Al-Ittihad topary Benzema bilen şertnama baglaşdy – Al Ekharabiýa

Teswirle