BIZNES

Türkmen-fransuz işewürler maslahatyny onlaýn geçirmek teklip edildi

Wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylarynyň Fransiýa Respublikasynyň «Medef International» telekeçiler assosiasiýasynyň Baş sekretary hanym Žeraldin Lemble we bu guramanyň agzalary bilen duşuşygy boldy.

«Medef Internationalyň» ýolbaşçysy iri fransuz kompaniýalarynyň hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň işewürligini ösdürmäge berýän ägirt uly goldawyny nazarda tutup, türkmen hyzmatdaşlary bilen göni we netijeli gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady.

Söhbetdeşligiň barşynda, iki dostlukly ýurduň döwlet we hususy düzümleriniň gatnaşmagynda onlaýn görnüşinde bilelikdäki türkmen-fransuz işewürler maslahatyny geçirmegiň mümkinçiligine garaldy we umumy bähbitlere laýyklykda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirildi.

Ýene-de okaň

Ahal welaýatynda polat turbalaryny öndürýän kärhana açyldy

Ýanwar-fewral aýlary: makroykdysady görkezijiler

Türkmen kompaniýalary Astrahanda geçiriljek ulag forumyna gatnaşarlar

5-nji martda göçme birža söwdasy geçiriler

Aşgabat bilen Pariž söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeldýär

Türkmen işewürleri Täjigistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi meýilleşdirýär