TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

Türkmen filmleri Türkiýeden baýrakly dolanýarlar

Türkiýäniň Bursa şäherinde türki dünýäsiniň «Gorkut ata» halkara film festiwaly tamamlandy. Festiwalda Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň «Gyzyl kürte», «Istärin», «Dutaryň owazy» filmleri görkezildi.

Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň howandarlygynda Baş film müdirliginiň hem-de Halkara film birleşiginiň bilelikde guramagynda geçirilýän festiwala Türkiýe, Azerbaýjan, Gazagystan, Türkmenistan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Tatarystan ýaly ýurtlaryň kino pudagynyň iň gowy eserleri gatnaşýar.

Film festiwaly türki dünýäsiniň görnükli şahsyýeti Gorkut atanyň hormatyna bagyşlanyp geçilýär.

Türki dünýäsiniň kino sungatynyň wekillerini özünde jemlän «Gorkut ata» halkara film festiwalyna 1-5-nji noýabr aralygynda 10 ýurtdan we 7 awtonom respublikadan 52 film gatnaşdy.

2-nji gezek geçirilýän «Gorkut ata» halkara film festiwaly baýrak gowşurylyş dabarasy bilen tamamlandy. Baýraklaryň gowşurylyş dabarasyna Türkiýäniň medeniýet we syýahatçylyk ministri Nuri Ersoý, Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow, Gyrgyz Respublikasynyň medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministri Altynbek Maksudow, Özbegistanyň medeniýet ministri Ozodbek Nazarbekow, TÜRKSOÝ guramasynyň baş sekretary Sultan Raýew, Bursanyň häkimi Ýakup Janbolat, Bursanyň şäher häkimi Alinur Aktaş. TRT telekompaniýasynyň müdiri Zahid Sobajy, kino aktýorlar, ssenariýaçylar, režissýorlar we kino sungat ussatlary gatnaşdy.

Dabarada Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginden Arslan Eýeberdiýew bilen Sahysalyh Baýramow öz kinolary bilen gatnaşyp, olara festiwalda “Türki medeniýetine goşan goşandy” üçin diýen baýraklar gowşuryldy. Türkmen režissýorlary film festiwalynyň “Durna guş” atly heýkelleri bilen köp sanly tomaşaçylaryn arasynda Türkmenistana ýokary derejede wekilçilik etdiler.

2023-nji ýylda “Gorkut ata” film festiwaly Azerbaýjanyň Şuşa şäherinde geçiriler. Şuşa şäheri 2023-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty saýlanypdy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Änew şäheri 2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty, TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýyl Magtymguly Pyragynyň ýyly diýlip yglan edildi.

Ýene-de okaň

Uly çille

Aşgabadyň teatrlarynda dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi

Iň owadan düýe saýlandy

Ata Watan Eserleri

Teswirle