TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmen-ermeni hökümetara toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ermeni Hökümetara toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Toparyň türkmen tarapynyň başlygy – Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Ş.Abdrahmanow, ermeni tarapynyň başlygy – Ermenistan Respublikasynyň Araçäk dolandyryş we infrastruktura ministri Gnel Sanosýan bolup durýar.

Mejlise iki ýurduň birnäçe ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we işewür guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar we onuň gün tertibine iki ýurduň arasynda bar bolan şertnamalaryň ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly köp sanly meseleler girizildi.

2017-nji ýylyň mart aýynda Ýerewanda geçirilen Toparyň sekizinji mejlisiniň netijeleri boýunça gazanylan şertnamalaryň ýerine ýetirilişi barada pikir alyşyldy.

Taraplar, Türkmenistanyň nebit-gaz, oba hojalygy, azyk we dokma senagatyndan Ermenistan Respublikasyna önümleriň eksport edilmeginiň iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň ösmegine we pugtalandyrylmagyna goşant goşjakdygyny bellediler. Taraplar, şeýle hem işewür toparlarynyň gatnaşmagynda aragatnaşyk gurmak we duşuşyklary gurnamak arkaly iki ýurduň arasyndaky söwdanyň möçberini artdyrmaga we eksport edilýän harytlaryň görnüşini giňeltmäge kömek etmek barada ylalaşdylar.

Taraplar, şeýle hem, senagat, ulag, gurluşyk, binagärlik, oba hojalygy hem-de ýangyç we energetika pudaklaryndaky gatnaşyklary berkitmäge gyzyklanma bildirdiler.

Şeýle hem taraplar ylym, bilim, medeniýet, sport, syýahatçylyk, saglygy goraýyş ulgamlarynda gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagynyň hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa etmegiň täsirli mehanizmi bolan köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň tarapdarydygyny aýtdylar.

Toparyň agzalary iki ýurduň bähbidine konstruktiw gepleşikleri has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen yzygiderli ikitaraplaýyn duşuşyklaryň, geňeşmeleriň we gepleşikleriň zerurdygyny aýtdylar.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ermeni Hökümetara toparynyň dokuzynjy mejlisiniň işiniň netijesinde degişli Teswirnama gol çekildi.

Şeýle hem Aşgabatda Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekilýetine Türkmenistanyň daşary işler ministriň orunbasary W.Hajiýew, Ermenistan Respublikasynyň wekilýetine daşary işler ministriň orunbasary M.Safarýan ýolbaşçylyk etdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti: futbol boýunça dünýä çempionatynyň hormatly myhmany

Baş Redaktor

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Özbegistana sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň ýolbaşçylary HHR-iň Başlygyna gynanç bildirdi

Teswirle