SPORT

Türkmen eminleri zenanlar futzal halkara ýaryşynda eminlik ederler

9-16-njy fewral aralygynda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa futbol assosiasiýasynyň (CAFA) guramagynda futzal boýunça zenanlar ýygyndylarynyň arasynda halkara ýaryşy geçiriler. Halkara ýaryşyna Türkmenistanyň ýygyndy toparyndan başga Täjigistanyň, Eýranyň, Özbegistanyň hem-de Gyrgyzystanyň milli ýygyndylary gatnaşarlar.

Bu halkara ýaryşyna emin hem-de gözegçi emin hökmünde gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň hünärmenleriniň üçüsi, şol sanda halkara derejeli (FIFA) eminler Timur Ramazanow bilen Merjen Bagşyýewa, şeýle hem halkara derejeli instruktor/gözegçi emin (AFC) Wadim Baratow çakylyk aldylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Hytaýyň Taýbeýini 2:1 hasabynda ýeňdi

Ronaldo 4-nji gezek Ginnesiň rekordyna eýe boldy

Ronaldonyň nobatdaky üstünligi

Kibersport boýunça ilkinji Olimpiýa oýunlary geçiriler

Garagum sährasynda ralli-reýd boýunça Türkmenistanyň Kubogy geçirildi

Täze Zelandiýa 3-nji gezek dünýä çempionatynda oýnar