BIZNES

Türkmen dokma önümleriniň Russiýa eksporty

2020-nji ýylyň 19-njy maýynda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň dokma senagatynda eksport mümkinçilikleri we importa bolan islegleri boýunça Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Söwda-Senagat edaralarynyň wekilleriniň arasynda wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly iş maslahaty geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Bu duşuşyk gatnaşyjylara Türkmenistan bilen RF-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi. Taraplar söwda ulgamynda, birža işlerinde hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berdiler, hususan-da, Türkmenistandan harytlaryň iberilmegi boýunça gyzyklanma bildirdiler. Gatnaşyjylar türkmen önümleriniň – tekstil harytlarynyň, ýüplükleriň, pamyk önümleriniň RF-na iberilmegi bilen bagly meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Mejlisiň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlar boýunça türkmen-rus hyzmatdaşlygyny giňeltmek bilen bagly işiň gidişine hoşallygyny bildirdiler.

Ýene-de okaň

Owgan işewürleri Türkmenbaşy halkara portunyň mümkinçilikleri bilen gyzyklanýar

Özbegistan Respublikasynyň haryt-çig mal biržasy bilen hyzmatdaşlyk

“Arterail” kompaniýasynyň wekiliýeti Türkmenistana çagyryldy

Telekeçiler üçin elektron söwda okuwy

Halkara hususy hukugynyň kadalary ornaşdyrlar : Şertnama-hukuk kanunçylygy kämilleşdiriler

Baş Redaktor

Donald Tramp sport aýakgaplarynyň önümçiligini ýola goýdy