TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmen dokma önümleriniň Astrahana eksporty maslahatlaşyldy

2020-nji ýylyň 2-nji iýulynda wideoaragatnaşyk arkaly Russiýa Federasiýasynyň «Astrahan söwda-senagat palatasy» birleşmesiniň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn eksport-import dolanşygynyň ösdürilmeginiň mümkinçiliklerini maslahatlaşmak boýunça gepleşikler geçirildi.

Gepleşiklere Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň barşynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň Söwda-senagat edaralarynyň wekilleri tarapyndan Türkmenistan bilen RF-nyň Astrahan oblastynyň eksport mümkinçilikleri we import zerurlyklarynynyň meselelerine seredildi.

Bu duşuşyk oňa gatnaşyjylara Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döretdi. Taraplar söwda ulgamynda, birža işlerinde hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berdiler, hususan-da, Türkmenistanda öndürilen harytlaryň iberilmegi boýunça gyzyklanma bildirdiler.

Gepleşiklere gatnaşyjylar türkmen önümleriniň – dokma harytlarynyň, ýüplükleriň, pamyk önümleriniň Astrahan oblastyna iberilmegi bilen bagly meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygynyň Aşgabada sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Russiýanyň Merkezi Aziýadaky strategik hyzmatdaşy

Amerikan işewürleri bilen duşuşyk

Teswirle