TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmen diplomatlarynyň baýramçylygy bellener

Her ýyl ýurdumyzda 18-nji fewralda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni giňden bellenilýär. Şu ýyl hem bu baýramçylyk güni mynasybetli «Türkmenistanyň diplomatiýasy – onuň taryhy, häzirki döwri, geljegi» atly ylmy maslahaty geçiriler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçiriljek maslahatda Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagy okalar. Şeýle hem maslahatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uly mugallymy Jumadurdy Annaorazow, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Aleksandr Blohin, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň w.w.ý.ý., ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Kristin Weýgand, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory Esen Aýdogdyýew hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy Laçyn Geldiýewa dagy çykyş eder.

Dabaranyň ahyrynda ýaş diplomatlary we Halkara gatnaşyklary institutynyň uçurym ýyl talyplaryny Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň diplomy bilen sylaglamak dabarasy geçiriler.

 

Hoş habar -Täze Applikasiýa: Makul Sözlük

Makul Sözlük (www.makulsozluk.com ) özüniň “Android” ulgamynda hereket edýän täze applikasiýasyny-Makul Sözlük applikasiýasyny hödürleýär. Toparymyz  düýn Kompýuterlerdäki  “Chrome Browserde” ulanmaga mümkinçilik berýän täze “Browser goşundysyny”-Makul Sözlük goşundysyny  ulanmaga taýýar eden bolsa, şu gün “Android” applikasiýasyny herekete girizdi. Şeýlelikde, köp sanly “Makul Sözlük” ulanyjylary, diňe www.makulsozluk.com saýtyna girmek bilen bu sözlükden peýdalanman, eýsem, kompýuterlerinde “Makul Sözlük” goşundysyny, Android ulgamyndaky mobil telefonlarynda bolsa “Makul Sözlük” applikasiýasyny ulanyp bilerler. Ýakynda IOS ulgamynda hereket edýän Applikasiýamyz hem hereket edip başlar.

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Halkara habarlar merkezi dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Teswirle