Türkmen diplomatlarynyň gününe bagyşlanan maslahat

Her ýyl ýurdumyzda 18-nji fewralda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni giňden bellenilýär.  Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenýän “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanayşmagyň Watany” ýylynda  hem ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň işgärleriniň hünär baýramçylygy giňden bellenilýär. Şanly baýramçylyk güni mynasybetli «Türkmenistanyň diplomatiýasy – onuň taryhy, häzirki döwri, geljegi» atly ylmy maslahaty geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Gutlag hatyny iberdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow, daşary syýasat edarasynyň işgärleri, ýurdumyzda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň Aşgabatdaky merkeziniň baştutanlary, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyplar gatnaşdy.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem çagyrylan maslahatyna ýerli we daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem gatnaşdy.

Ylmy maslahat hormatly Prezidentimiziň Gutlag hatynyň okalmagy bilen başlandy. Milli Liderimiz öz Gutlagynda: “Türkmenistan özüniň baky Bitaraplyk ýörelgelerine berk eýerip, sebit we dünýä döwletleri bilen dostlukly hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy barha giňeldýär. Döwletimiziň daşary syýasatynyň strategik ugurlarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen birlikde energetika, ulag-aragatnaşyk, ekologiýa, ýokary tehnologiýaly «ýaşyl ykdysadyýet», medeni-ynsanperwer ýaly ähmiýetli ulgamlarda iri halkara taslamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin zerur bolan şertler döredilýär” diýlip bellenilýär.

TÜRKMEN DIPLOMATIÝASYNYŇ GEÇMIŞI, ŞU GÜNI WE GELJEGI

Ine, şu ugurlar ylmy maslahatda edilen çykyşlarda eriş-argaç bolup geçdi. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýewiň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uly mugallymy Jumadurdy Annaorazowyň, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Aleksandr Blohiniň, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň w.w.ý.ý., ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Kristin Weýgandyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory Esen Aýdogdyýewiň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy Laçyn Geldiýewanyň çykyşlary diňlenildi.

Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uly mugallymy Jumadurdy Annaorazow öz çykyşlarynda türkmen diplomatiýasynyň geçmişi hem-de taryhy barada gyzykly gürrüňler berdiler. Olar öz çykyşynda türkmen diplomatiýasynyň esasy ýörelgeleri bolan parahatçylyk we ynsanperwerlik taglymatlarynyň türkmen halkynyň baý taryhyndan gözbaş alyp gaýdýandygyny bellediler.

Okap bilersiňiz  Belarusdan Türkmenistana 3-nji gatnaw: türkmen raýatlary geldi

Hususan-da, iri döwürlerde türkmen halkynyň döreden iri döwletleriniň ähli ugurlarda parahatçylyk gatnaşyklaryň ýola goýulmagy ugrunda tagalla edendigi, ilçiler bellenilip, özara söwda-durmuş gatnaşyklarynyň pugtalandyrylandygyny käbir taryhy maglumatlara salgylanyp, ylmy maslahat gatnaşyjylara ýetirdiler.

Dabaranyň ahyrynda ýaş diplomatlary we Halkara gatnaşyklary institutynyň uçurym ýyl talyplaryny Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň diplomy bilen sylaglamak dabarasy geçirildi.

Şeýle hem Halkara gatnaşyklary institutynyň eýwanynda sergi guraldy. Onda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň, ýokary okuw mekdepleriniň, Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleýin guramalarynyň hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky wekilhanalarynyň diwarlyklary ýerleşdirildi.

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!

Hoş habar -Täze Applikasiýa: Makul Sözlük

Makul Sözlük (www.makulsozluk.com ) özüniň “Android” ulgamynda hereket edýän täze applikasiýasyny-Makul Sözlük applikasiýasyny hödürleýär. Toparymyz  düýn Kompýuterlerdäki  “Chrome Browserde” ulanmaga mümkinçilik berýän täze “Browser goşundysyny”-Makul Sözlük goşundysyny  ulanmaga taýýar eden bolsa, şu gün “Android” applikasiýasyny herekete girizdi. Şeýlelikde, köp sanly “Makul Sözlük” ulanyjylary, diňe www.makulsozluk.com saýtyna girmek bilen bu sözlükden peýdalanman, eýsem, kompýuterlerinde “Makul Sözlük” goşundysyny, Android ulgamyndaky mobil telefonlarynda bolsa “Makul Sözlük” applikasiýasyny ulanyp bilerler. Ýakynda IOS ulgamynda hereket edýän Applikasiýamyz hem hereket edip başlar.

Tirkeş Mätnazarow: Maksadym şowsuzlyklardan ýokarda