TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

Türkmen bedewi barada täze film surata düşürilýär

Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­wi­de­ni­ýe, ra­dio­geple­şik­ler we ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň Oguz han adyn­da­ky «Türk­menfilm» bir­le­şi­gi­niň dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri-de Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BerdimuhamedowTürkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BerdimuhamedowTürkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «At­da wepa-da bar, sa­pa-da» at­ly ki­ta­byn­dan tä­sir­le­nip, tä­ze fil­mi su­ra­ta dü­şür­ýär­ler ― diýip, «Ahal durmuşy» gazeti habar berýär.

Bu çe­per-pub­li­sis­tik film Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my­na bagyş­lan­ýar. On­da be­dew at­lar bi­len bag­la­nyşyk­ly tä­sir­li wa­ka­lar giň­den be­ýan edil­ýär. Çe­per-pub­li­sis­tik fil­miň ede­bi esa­sy­ny ýazan we re­žiss­ýo­ry Aman­gy­lyç Şar­ly­ýewdir.

Täze filmiň epizodlarynyň aglaba bölegi Ahal welaýatynyň dürli ýerlerinde surata düşürilýär. Fil­miň su­ra­ta dü­şü­ril­ýän döw­rün­de beý­le­ki­ler bi­len bir ha­tar­da, hu­susy at­şy­nas­la­r hem bi­ziň dö­re­di­ji­lik to­pa­ryna ýa­kyn­dan ýar­dam berýär. Täze film «At­da we­pa bar» di­ýip at­lan­dyrylýar.

Adyn­dan bel­li bol­şy ýa­ly, film­de türk­men dur­mu­şyn­da be­hiş­di be­de­wiň tut­ýan or­ny, onuň we­pa­sy­ be­ýan edilýär. Hä­zir­ki gün­ler­de tä­ze çe­per-pub­li­sis­tik fil­miiň ta­mam­laý­jy iş­le­ri­ aln­yp barylýar. Film ilkinji gezek Türkmen bedewiniň milli baýramynda görkeziler.

Ýene-de okaň

Edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi belli boldy

Döwlet baýraklarynyň eýelerine söz berýäris

“Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwaly geçiriler

Ata Watan Eserleri

Teswirle