TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Türkmen agyr atletikaçylary V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynda 13 medal eýelediler

Türkmen agyr atletikaçylary Türkiýäniň Konýa şäherinde geçirilýän V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynda dürli derejeli medallaryň 13-sini gazandylar.

Agyr atletika boýunça ýaryşyň jemleýji güni ildeşimiz, Marydan halkara derejeli sport ussady Hojamuhammet Toýçyýew 109 kg. çenli iň agyr agramda çykyş edip, üç medal eýeledi. 30 ýaşly türgen silterläp götermekde 184 kg. netije bilen kümüş medala mynasyp boldy. 2018-nji ýylda bolsa Buenos-Aýresde geçirilen ýetginjekler Olimpiýa oýunlarynyň çempiony bolan eýranly Alireza Ýusefiden 3 kilogram artyk götermegi başaran ol itelkäp götermekde 225 kg. göterip, iki synanyşygyň jemi boýunça iki bürünç medaly eýeledi.

Mundan ozal Türkiýede geçirilýän V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynda Ýulduz Jumabaýewanyň 49 kg. çenli agramda üç bürünç, Kristina Şermetowanyň 55 kg. çenli agramda silterläp götermekde altyn we itekläp götermek boýunças hem-de jemi netije boýunça iki kümüş, Gülnabat Kadyrowanyň 71 kg. çenli agramda iki altyn we itekläp götermekde bir bürünç medal, silterläp götermekde 107 kg. iki synanşygyň jemi boýunça 225 kg. netije bilen V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynyň iki rekordyny goýup, şu bäsleşigiň çempiony boldy. Olaryň birinjisi (107 kg) Türkmenistanyň täze rekordydyr, ikinjisi – onuň geçen ýyl Daşkentde geçirilen dünýä çempionatynda 225 kg. netijesi bolsa milli rekordyň gaýtalanmagydyr.

21 ýaşly agyr atletikaçy, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Döwranbek Hasanbaýew Türkmenistanyň toparyna ýene bir medal getirdi. Ol 96 kg. çenli agramda silterläp götermekde 165 kg. netije bilen kiçi kümüş medala mynasyp boldy. Döwranbek itekläp götermekde 183 kg. göterip, bäşinji, jemi 348 kg. netije bilen dördünji orny eýeledi.

Ýene-de okaň

Çempionlar ligasy: Messiniň nobatdaky rekordy

Alonso “Baýer” toparyna tälim berer

Türkmenistanyň wekiliýeti Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 41-nji mejlisine gatnaşdy

Teswirle