JEMGYÝET

Türkiýeden Türkmenistana haçan uçar gatnawlary başlaýar?

Türkiýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Türkiýäniň daşary ýurtlara uçar gatnawlaryny amala aşyrmaga başlajakdygy barada habar berildi. Resmi däl maglumatlara laýyklykda, Türkiýe Respublikasy koronawirus sebäpli togtadylan ilkinji daşary ýurt uçar gatnawyny Nikosiýa (Lefkoşa) şäherine amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Şoňa laýyklykda ilkinji gatnaw 1-nji iýunda başlar.

“Turizm Güncel” internet neşiriniň habar bermegine görä, Saglygy goraýyş ministrliginiň ylym geňeşi, Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi, Ulag ministrligi we Türkiýäniň syýahatçylyk mahabaty we ösüş agentligi tarapyndan alnyp barylýan bilelikdäki işleriň çäklerinde 70 ýurtda halkara gatnawlaryň amala aşyrylmagy göz öňünde tutuldy.

Ilkibaşda meýilnamalaşdyrylan ýurtlar

  • Bu gatnawlary 10-njy iýunda başlamagy, bu babatda Bahreýn, Bolgariýa, Katar we Gresiýa saparlar göz öňünde tutulýar.
  • Germaniýa, Awstriýa, Azerbaýjan, Çehiýa, Şweýsariýa, Ýaponiýa, Demirgazyk Makedoniýa, Latwiýa, Wengriýa, Polşa, Rumyniýa we Serbiýa gatnawlary 15-nji iýunda açmak meýilleşdirilýär.
  • 20-nji iýunda Niderlandlar Patyşalygy bilen Gazagystana gatnawlary ýola goýlar.
  • 22-nji iýunda Skandinawiýa ýurtlary bilen Günorta Koreýa halkara gatnawlar başlar.
  • Halkara gatnawlar boýunça düzülen sanawa laýyklykda, Türkmenistana gatnawlary 1-nji iýuldan açmak meýilleşdirilýär.

Halkara “Atavatan Türkmenistan” žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet sahypasy bu maksatnamanyň Türkiýe Respublikasynyň taýýarlandygy we bu maksatnama diňe türk tarapynyň meýilnamasydygyny belläp geçýär. Bu gatnawlaryň ýola goýulmagy üçin her iki ýurduň arasynda ylalaşygyň gazanylmagynyň zerurdygyny bellemek gerek.

15-nji iýunda Azerbaýjana, 20-nji iýunda Gazagystana halkara uçar gatnawlaryny ýola goýmagy maksat edinýän Türkiýe Respublikasy türki döwletlerden Gyrgyzystana 22-nji iýunda, Özbegistana 1-nji iýulda, Russiýa bolsa 15-nji iýulda gatnawlary amala aşyrmagy meýilleşdirýär.

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýeti ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparlaryň mejilisine gatnaşdy

Mazenderan welaýatynyň Türkmenistana eskporty artdy

Igor Runow: Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag başlangyçlary möhümdir

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna Özbegistanyň Prezidentinden hat gelip gowuşdy

Aşgabatda owgan harytlarynyň sergisi geçiriler

Türkmenistanyň we Owganystanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy