2023-nji ýylyň 14-15-nji fewralynda Stambul şäherinde Stambul gaz sammiti geçiriler. Oňa “mawy ýangyjy” öndüriji ýurtlardan ýokary derejedäki wekiliýetleriň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez habar berdi.
Sammite Ýakyn Gündogardan, Ortaýer deňzi sebitinden, Merkezi Aziýadan tebigy gaz öndürýän döwletler bilen bir hatarda Ýewropadan tebigy gaz sarp ediji döwletleriň wekiliýetleri gatnaşar.
Ministriň aýtmagyna görä, bu sammite taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Onuň “Bilelikde geljegimiziň howpsuzlygyny üpjün etmek” şygary astynda geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
Mälim bolşy ýaly, Türkiýe Respublikasynda tebigy gaz merkezini döretmek meýilleşdirilýär. Şol merkezden Ýewropa ýurtlaryna tebigy gaz ibermek göz öňünde tutulýar.
Bu ugurda degişli işleri alyp barýan Türkiýe Respublikasynyň Energetika ministrliginiň wekilleri soňky bir ýylyň dowamynda Merkezi Aziýa we Pars aýlagy bilen bir hatarda ýakyn sebitlerdäki 15 ýurtda saparda boldular.
Häzirki wagtda Türkiýäniň Bolgariýa bilen bir hatarda Demirgazyk Makedoniýa, Rumyniýa we Moldowa ýaly ýurtlara tebigy gaz ibermegi boýunça gepleşikler geçirilýär.
Şol bir wagtda Türkiýe Oman döwleti bilen her ýyl 1,4 milliard kubmetr tebigy gaz satyn almak babatda 10 ýyllyk şertnama baglaşmak ugrunda degişli işleri geçirýär.