TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkiýede sanjym başlandy: Prezident Ärdogan hem sanjym aldy

Türkiýe Respublikasynda hytaý Halk Respublikasyndan satyn alnan koronawirus ýokanjyna garşy sanjymlar 14 günlük kliniki synagdan soňra adamlara urlup başlandy. Ilkinji sanjymy ýurduň saglyk ministri Fahrettin Koja aldy.

Türkiýe Respublikasynyň Rejep Taýyp Ärdogan hem Ankara şäheriniň hassahanasynda koronawirus sanjymyny aldy. Ýene-de 28 günden soňra ikinji dozasyny alar.

Sanjym edilenden soňra metbugata beýanat beren Prezident Ärdogan 250 müňden gowrak adamyň sanjym edilendigini, ýene-de 25-30 million doza sanjym getiriljekdigini mälim etdi.

Şu wagt ýer ýüzünde sanjym işleri dowam edýär. Ýewropa ýurtlaryndan Wengriýa hem Hytaýdan sanjym almagy meýilleşdirýär. Hytaýyň “Sinopharm” kompaniýasy bilen geçirilen gepleşiklerden soňra 1 million doza möçberinde sanjym alynmagy göz öňünde tutulýar.

ABŞ-DA HEM KORONAWIRUSA GARŞY GÖREŞ GÜÝÇLENDIRILÝÄR

ABŞ hem täze görnüşli koronawirus sanjymyndan täsirlenen ýurtlaryň biridir. ABŞ-nyň prezidenti wezipesine saýlanan Jo Baýden koronawirus (Covid-19) ýokanjyna garşy göreşmek we onuň ykdysady ýetiren oňaýsyz täsirini aradan aýyrmak üçin 1,9 trillion dollarlyk maliýe goldawy taslamasyny teklip etdi.

Epidemiýa garşy göreşmek we sanjymlary paýlamak üçin gönüden-göni 400 milliard dollar bölünip beriljek maliýe goldawy taslamasyna laýyklykda, ştatlaryň býujetindäki kynçylyklary aradan aýyrmak babatda hem ýerli hökümetlere 350 milliard dollar bölünip berler.

Belli bir girdeji derejesinden pes bolan amerikalylara üçünji gezek nagt kömegi bermek teklip edilýän maliýe goldaw taslamasyna görä, bu gezek ozal 600 dollara nagt pul berlen amerikalylara 1400 dollar bermek meýilleşdirilýär.

 

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti: futbol boýunça dünýä çempionatynyň hormatly myhmany

Baş Redaktor

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Özbegistana sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň ýolbaşçylary HHR-iň Başlygyna gynanç bildirdi

Teswirle