Şu gün Türkiýe Respublikasynda prezident we parlament deputatlarynyň 28-nji çagyryşynyň saýlawlary geçirildi. Millionlarça saýlawçy ýurduň çäginde döredilen 191 müňden gowrak saýlaw uçastogynda ses berdiler.
Saýlawlarda ses berişlik Türkiýäniň sagady bilen 08:00-da başlady we 17:00-da tamamlandy. Häzirki wagtda sesleriň sanalmagy dowam edýär.
Sesleriň sanalmagynyň netijesinde Türkiýäniň 13-nji Prezident mälim ediler.
Mälim bolşy ýaly, bu saýlawlar üçin Türkiýäniň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynda hem saýlaw uçastoklary döredildi. Türkmenistandaky Türkiýäniň ilçihanasynda maý aýynyň 6-7-si aralygynda ses bermek işi ýola goýuldy.