TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Türkiýede mekdepler 6-njy sentýabrdan açylar

― Biz mekdepleri 6-njy sentýabrda açmak kararyna geldik ― ýurduň bilim ministri Ziýa Seljuk mälim etdi. ― Munuň üçin Bilim ministrligi  ähli tagallalary eder. Häzir «Eger-de…» diýip başlanýan çaklamalaryň tas-kem soňuna çykyldy. Biziň maksadymyz mekdepleri açmak.

Ministriň sözlerine seredende, mekdepleriň açylyşyna taýýarlyk işinde esasy üns okuw binalarynda zyýansyzlandyryş işlerine geçirmäge berler.

Okuwçylaryň ene-atalar birleşigi mekdeplerde sapaklary dikeltmek üçin ýü tutdy. Ata-eneleriň pikirine görä, çagalaryň uzak aralykdan bilim almagy pes netije berýär.

Ýeri gelende aýtsak, Türkiýede geçen okuw ýylynyň aglaba böleginde uzak aralykdan okuwlar berildi.

 

Sanjym bolana 100 dollar

 

 

Ýene-de okaň

“Parahatçylygyň ýaş çaparlary” bäsleşigine badalga berildi

Ata Watan Eserleri

Dekabr aýynda halkara internet olimpiadalary geçiriler

Türkmen himiýaçy talyplarynyň üstünligi

Teswirle