Şu günler Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan Magtymguly Pyragy hakynda dokumental filmleri surata düşürmek taslamasy bilen meşgullanýan režissýor Hekim Alowowyň ýolbaşçylygyndaky topar Türkiýe Respublikasyna döredijilik saparynda bolýar.
Türkmen režissýorynyň ýolbaşçylygyndaky topar Ankara şäherinde türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy barada dokumental filmi üçin birnäçe wideo sýužetleri ýazgy etdiler. Türkmen döredijilik topary Türkiýe Respublikasynyň paýtagty Ankara şäherinde Magtymguly Pyragyny öwrenijiler bilen duşuşyp, olardan beýik akyldar şahyr barada gyzykly boljak maglumatlary aldylar.
Mälim bolşy ýaly, Türkiýe Respublikasynda çeper sözüň ajaýyp ussady Magtymguly Pyragy uly hormat goýulýar. Şonuň üçin ýurduň köp sanly ylmy ojaklarynda Gündogaryň beýik akyldaryny öwreniji alymlar sanardan köp.
2012-nji ýylda Türkiýäniň paýtagtyndaky «Türkmenistan» seýilgähinde Magtymgulynyň ýadygärligi açyldy, ol ýerde baýramçylyk we dynç alyş günlerinde gül goýmak dabaralary geçirilýär. Ankarada Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) baş edarasy ýerleşýär. Bu gurama Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çärelere işjeň gatnaşýar.
Mälim bolşy ýaly, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň geçen güýzde geçirilen Hemişelik geňeşiniň mejlisine gatnaşanlar Magtymguly Pyragynyň hormatyna TÜRKSOÝ-nyň çäklerinde 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip, yglan etmek teklibini biragyzdan goldadylar.
Geljek ýyl Türkmenistan döwletimizde Magtymguly Pyragynyň dogla gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde bellenilip geçilýär. Şunuň bilen baglylykda, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi dünýäniň birnäçe ýurdunda bolup, hususan-da, Türkiýe, Eýran, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastlarynda Pyraga bagyşlanan dokumental filmleri surata düşürýär.