TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Türkiýede IV Bütindünýä çarwa oýunlaryna badalga berildi

29-njy sentýabrda  Türkiýede IV Bütindünýä çarwa oýunlaryna badalga berildi. Bu bäsleşik 29-njy sentýabrdan 2-nji oktýabr aralygynda ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Bursa welaýatynyň Iznik etrabynda geçiriler. Çarwa oýunlary öň üç gezek (2014, 2016 we 2018-nji ýyllarda) Gyrgyzystanyň Issyk-Kul kölüniň kenarynda geçirildi. Bäsleşigiň guramaçysy Bütindünýä etnosport konfederasiýasydyr.

Oýunlaryň açylyş dabarasyna Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow gatnaşdy. Oýunlara dünýäniň 102 ýurdundan 3000-den gowrak türgen gatnaşýar. Bäsleşikler sportuň 13 görnüşinde geçirilýär. Türgenler göreş, atçylyk sporty we ýaýdan ok atmak ýaly ugurlar boýunça ukyplaryny synap görerler.

Oýunlaryň geçýän ýerinde ussahanalar we çadyrlar guruldy. Ähli isleg bildirýänler bu ýerde taýýarlanan milli aşhananyň nygmatlaryndan dadyp bilerler. Mundan başga-da, tomaşaçylara at münmekde, ýaýdan ok atmakda we skautingde özlerini synap görmek mümkinçiligi berilýär. Çagalar üçin oýun meýdançalary we çeperçilik ussahanalary açyk. Konsert programmasy meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Katar-2022: Niderlandlar we Senegal indiki tapgyra çykdy

Katar-2022: Braziliýa we Portugaliýa indiki tapgyra çykdy

Messi karýerasyny ABŞ-da dowam etdirip biler

Teswirle