SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkiýede gyşky syýahatçylyk

Türkiýede milli we halkara derejesinde ähmiýetli gyşky syýahatçylyk merkezleri bar. Mysal üçin: Bursa-Uludag, Erzurum-Palandöken, Kaýseri-Erjiýes, Bolu-Kartalkaýa, Kars-Sarykamyş we Ysparta-Dawraz iň esasy gyşky syýahatçylyk merkezleridir.

ULUDAG

Wizantiýadan öň Uludag, Olympos diýlip atlandyrylypdyr. Onuň meýdany 12762 gektar. Mermer deňzinden 50 kilometr daşlykdaky Uludag 1961-nji ýylda milli seýilgäh diýlip yglan edildi we 2006-njy ýylyň 12-nji maýynda tebigy goraghana hökmünde esaslandyryldy. Çobankaýa Bursanyň panoramasyna seretmek üçin iň gowy ýer. Uludagyň demirgazyk tarapynda, Ýylanlykaýa, Dewetaşy, Jennetkaýa, we Çobankaýa ýaly ýerlerde buzluklar tarapyndan emele getirilen gaýa şekilleri bar. Milli Seýilgähiniň 71%-i tokaýlyklar bilen örtülen, 28%-i ýaýlalyklar we otluklar, 0,4%-i açyk ýerler we 0,1%-i suwlar bilen örtülen, 0,8%-i bolsa ýaşaýyş ýerler tutýar. Uludag Wajyp Guş Zolagy (Important Bird Zone) diýlip yglan edildi. Uludag Milli Seýilgähine her ýylda ortaça 600 000 adam baryp görýärler. Uludagda myhmanlaryň sany, tomsuň iýul-awgust aýlarynda we gyşyň ýanwar-fewral aýlarynda iň ýokary derejesine ýetýär. Uludaga Bursadan awtoulagly ýa-da asma ýoluň üsti bilen baryp bolýar. Täze asma ýol ulgamy ýola goýuldy: 8 orunly ulaglar, sagatda 80 kilometr tizlikdäki ýel bolan ýagdaýynda hem hereket edip bilýärler we her 19 sekuntdan Teferrüç etrabyndan ugrap, Uludaga 12 minutda gelýärler. Ol ýerde 4 sany asma ýol bar: olaryň ikisi Bursa-Kadyýaýla (1235 metr) aralygynda hereket edýär, beýleki ikisi bolsa Kadyýaýla-Saryalan (1621 metr) aralygynda hereket edýär. Asma ýolunyň ulagynda lyža gurallaryny geçirmek gadagan. Asma ýolunyň soňky duralgasy Saryalandan 7 km daşlykda bolan myhmanhanalara çenli awtobus hereket edýär. Siz Uludaga şäher merkezinden ugraýan taksi we “dolmuş” hyzmatlarynyň üsti bilen hem baryp bilersiňiz. Iň amatly ýol Çekirgeniň üsti bilen hereket edýär. Uludag Myhmanhanalar Zolagy Bursanyň şäher merkezinden 36 kilometr daşlykda. Siz ol ýere 35-40 minutda baryp bilersiňiz. Siz öz şahsy ulagyňyz bilen gitmek isleseňiz, onda teker üçin zynjyr, skoç we tirkeg ýüpüni ýanyňyza almagyňyzy ýatladýarys. Bu zatlar sizde ýok bolsa, olary ýolda satyn alyp bilersiňiz.

PALANDÖKEN

Erzurumuň şäher merkezinden 20 kilometr daşlykda ýerleşen Merkez, Palandöken etrabynyň içindäki Konaklynyň ýanynda ýerleşýär. Lyža merkezi Palandöken daglarynyň günbataryna uzalýar we bu dagyň demirgazyk ýapgytlarynda ýerleşýär. Bu ýerde köpsanly halkara standartly, dürli kynçylykly lyža ýodalary bar. Hemişe bolmasa hem, bu ýerde dekabr aýynyň başlaryndan mart aýynyň aýagyna çenli 4 aýlap lyžada typmak bolýar. Üstesine-de, gerek bolan halatynda emeli gar öndürmek hem mümkin. Bu möhlet noýabrdan aprel aýynyň aýagyna çenli uzaldylyp bilner. Bu derňewiň maksady belli bir meýilnama, edebiýata görä gurlan lyža merkezi barada maglumat bermek, şeýle hem bu täze gurlan lyža merkeziniň şol bir şäherde we örän golaý aralykda gurlan iki sany lyža merkezlerinden tapawutlylykda Paladökeniň garaşsyz potensialyny açyp görkezmekdir.

ERJIÝES

Erjiýes Lyža Dynç-alyş Merkezi; Deweli, Tekir, Hisarjyk, Hajylar Derwezeleri dört sany aýratyn girelge nokatlarydyr. Erjiýes Daglarynyň deňsiz-taýsyz binagärçilik bezegi we gaýtalanmajak lezzeti jemgyýetçilik ýerler bilen, ýagny kafeler, restoranlar, söwda merkezler, lyžany kärendesine berýän ýerler, eşik çalşylýan otaglar, kireýine berilýän şkaflar, eneleriň otaglary, çagalaryň oýun meýdançalary, saglyk merkezleri, lyža we gurallaryň ammarlary bilen sazlaşykda ýerleşýär. Ynamly desgalar, ýokary dereje tehnologiýalar bilen üpjün edilen we 23750 metr uzynlykly yüp bilen öz aralarynda birleşdirlen. Her sagatda 26750 adamy gatnatmaga ukyply. Ol ýerde 34 sany halkara standartly 2200 metrden 3400 metre çenli dürli kynçylykly, biri biri bilen bagly, jemi uzynlyklary 102 kilometre deň bolan ýodalar bar. Bu ýerde 55 kilometr uzaklykda emeli gar öndürmäge ukyply emeli gar öndüriji ulgam bar. Erjiýes Howa Menziline 25 minutda, Şäher Merkezine 20 minutda, Kappodokýa 50 minutda dört setirli dag ýolunda barmak mümkin. Dagda 10 sany 1500 adamlyk myhmanhana bar. 2023-nji ýylda 18 sany täze myhmanhanalaryň tamamlanmaklary bilen, dagdaky ýerleriň sany 6000-e ýeter. Şäher merkezinde 5000 adamyk ýerler lyža muşdaklaryna hyzmat edýär. Tekir diýilýän ýerde gije dowamly hem uzagrak lyžada typmak üçin mümkinçilik berýän ýagtylandyryjy diňler gurnalan. Kartalkaýa – bu Bolunyň gündogaryndaky Köroglu daglarynda ýerleşýän lyža dynç alyş merkezi. Bu Türkiýede iň gowy lyža dynç alyş merkezleriniň biridir. Ol Istambula golaý ýerleşip, hepdaniň soňunda dynç almak üçin örän gowy ýer. Bu ýeriň çür depesi 2200 metr bolup, garyň galyňlygy 3 metre ýetýär. Muňa Gara deňzinden üýtgeşik diýmek ýalan sözlemek bolar, sebäbi tomsuna, ýapgytlar otluk ýaýlalar bilen örtülende, bu hem Gara deňziň görküne görk goşýar. Kartalkaýa Türkiýede iň ýokary derejeli we iň uly ýapgytly toplumydyr. Bu ýerde Ýewropanyň bäsleşikleri hem geçirilýär. Bütin dünýäden syýahatçylar bu ýapgytlary barlap görmek üçin gelýärler.

KARTALKAÝA

Kartalkaýa Türkiýäniň iň ilkinji lyža dynç alyş merkezi we häzirki iň köp adamly, dünýä derejesindäki lyža we snowbording merkezi bolup, soňlanmajak sosna tokaýlygyň aklygynda gyzykly we çäksiz lezzeti hödürleýär. Boluda ýerleşip, Kartalkaýa ajaýyp gyşky dynç alyş merkezi bolup, emeli gar ýasaýjy enjamlar, bu gyşky sportunyň lezzetini kepillendirýär we bu ýere Istambuldan we Ankaradan ýeňillik bilen gelmek mümkin. Kartalkaýa lyža we snowbording höwesjeňlere duşuşmak üçin deňsiz taýsyz ýeri bolup, Türkiýäniň ilkinji gar meýdançasynyň desgalary Awstriýaly inženerleri tarapyndan Türkiýäniň iň gowy lyža üçin ýapgytlarynda guruldy.

SARYKAMYŞ

Lyža ýapgytlary sosna tokaýlyklary bilen gurşalanlygy üçin, bu ýere gar harsaňlarynyň howpy abanmaýar. Sarykamyş Lyža Merkezini beýleki lyža dynç alyş merkezlerinden tapawutlandyrýan aýratynlygy – bu sebite ýagýan garyň hilidir. “Dust Crystal Snow” diýlip atlandyrylýan garyň görnüşi, lyža höwesjeňleriniň göwnünden turýar. Şol bir wagtyň özünde, Sarijam tokaýlygynyň gurşap almagy hem dynç alýanlara gaýtalanmajak gözelligi görkezýär. Lyža dynç alyş merkeziniň güneşli günleri we köp görnüşli ýodalary hem bu ýeriň özüne çekiji aýratynlyklarydyrlar. Sarykamyşa aýratynlyklar mahsus. “Türkiýäniň Insburgy” diýip atlandyrylýan alyş merkezleri bar. Jybyltepedäki lyža desgalary: her sagatda 2400 adama hyzmat edyär we kompýuter bilen enjamlaşdyrylan lyža lift ulgamy üçin, Türkiýäniň iň ösen lyža dynç alyş merkezi hökmünde tapawutlandyrýar. 2635 metr beýiklikde bolup, jemi uzynlygy 17 kilometre ýetýär. Ýodalaryň kynçylyklaryna görä, ol ýerde 6 sany lyža we snowbording liftleri bar. 1700 metr beýiklikde bolup, birinji liftiň uzynlygy 3 kilometre ýetýär we ol ýerde öwrenje derejesindäkiler üçin örän oňat ýapgytdyr. Uzyn ýoda lyža merkezine birikýär. Ikinji lift 2600 beýiklikde bolup, ol birinji ýüpe 4 sany üýtgeşik ýodalar bilen birleşýär. Ýodanyň 7 kilometr uzynlykdaky Sariçam tokaýlygy bilen örtülen aşaklygyna gaýdýan ýeri bar. Lyža merkeziniň halkara ykrar edilen lyža bellige alyş we halkara tälim beriş okuwy bar. Ol ýerde 5-50 kilometre deň bolan garulagynda gezelenç etmek üçin ýaryş meýdançasy bar. Beýlekisi bolsa, Osman Ýüje Ski we Çamurlu Daglaryndaky Türgenleşik Desgalary 1992-nji ýylda hyzmat edip başladylar. Desgalar köp türgenler tarapyndan makullanylýarlar we 1200 metr ýodaly iki sany lyža öýleri bolup, her sagatda 750 adama hyzmat edip bilýär we 844 metr uzynlykly lyžada typyjyny ýokaryk çekip äkidýän enjam (teleski) bar. Her bir lyža dynç alyş merkezinde bolşy ýaly ýeňil, orta we agyr derejelerinde Alp lyža ýodalary bar. Ýaşyl we gök ýodalar başlangyç we orta derejeleri aňladyp, gyzyl we gara ýodalar orta-agyr we agyr derejeleri aňladýar. Elbetde, ähli lyža dynç alyş merkezlerinde bolşy ýaly, başlangyç we orta ýodalary iň köp ulanylýanlarydyr. Gara we gyzyl ýodalar, esasan hem, gara ýodalar, gök we ýaşyl ýodalara garanyňda çetleşdirilendir. Häzirki wagtda Sarykamyş Lyža Merkezinde 6 sany ýodalar ulanylýar, 2 gara (5 we 6 belgili) 2 gyzyl (4 we 7 belgili) 1 gök (3 belgili) we 1 ýaşyl (1 belgili), emma, jemi ýodalaryň sany 9. Sarykamyş Lyža Merkeziniň iň uzyn ýodalary 3-nji, 4-nji we 7-nji ýodalar bolup, olaryň uzynlygy 2,6 kilometrden 3 kilometre çenli. Ýokardaky kartadaky iň lezzetli ýoda, bu 7-nji ýoda. Sebäbi bu ýoda hem örän çetleşdirilendir, munda siz uzak wagtlap aýlanyp bilersiňiz we ajaýyp görnüşleri görersiňiz. 6-njy belgili gara ýoda juda dik we galan ýerleri gyzyl.

YSPARTA

Darwaz dagy, Egirdir we Kowada kölleriniň aralarynda ýerleşýän dag bolup, ol Ortaýer Sebitinde ýerleşýän Ysparta düzlügüniň daşyny gabaýar. Darwazyň geografik aýratynlyklary, lyžanyň üstesine beýleki syýahatçylyk mümkinçiliklerini döredýär. Ulag: Darwaz Lyža Merkeziniň aýratynlyklary: onuň ýerleşişi we onuň Antalýa bilen aralygy. Lyža merkezine barýan ýoluň ýagdaýy gowy we hemişe arassa saklanylýar. Darwazdan uzaklygy: Ysparta Şäher Merkezi :26 kilometr Ysparta Howa Menzili :50 kilometr Antalýa Howa Menzili :125 kilometr Mehaniki Desgalar: Lyža merkezinde 3 sany oturgyçly asma ýol, 1 sany lyžada typyjyny ýokaryk çekip äkidýän enjam (teleski) we 2 sany çagalar üçin asma ýol bar.

Ýoda: Lyža merkezinde lyžada typylýan wagty, Egidir kölüniň aklyňy haýran galdyryjy görnüşini görmek mümkin. Tebigy düzüminiň ýumşaklygy we ajaýyp hilli gar, tejribesiz lyža höwesjeňlere howpsuz ýodalar we tejribeli höwesjeňler üçin bolsa kyn ýodalar hödürlenilýär. Ýodalaryň jemi uzynlygy 23 kilometre ýetýär. Ýodalaryň beýikligi 1650 metrden 2344 metr aralyklarda üýtgeýär. Darwazyň ýodalary ähli täze başlaýanlara we tejribeli typyjylara demirgazyk düzgüni, Alp düzgüni, lyžada gezelenç we snowbording mümkinçilikleri döredýär.

Ýaşaýyş: Lyža merkezinde 3 sany myhmanhana, kafeler, futbol meýdançalary bar. Lyža merkezinden 8 kilometr daşda ýerleşen Çobanisa obasynda hem hosteller bar. Ysparta Şäher Merkeziniň we Egidir Şäherçesiniň myhmanhanalary hem ýaşamak üçin amatly bolup bilerler. Medisina kömegi, gurallaryň kärendesi we lyžada typmagy öwretmek hyzmatlary Darwaz Lyža Merkezinde hödürlenilýändir. Lyžada typmak döwri: Lyžada typmak döwri dekabryň başynda başlap, martyň soňuna çenli dowam edýär. Garyň galyňlygy 50-250 santimetr aralygynda üýtgeýär.

 

 

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyñ syýahatçylyk agentlikleriniñ wekilleri Türkiýä saparlarynda Şanlyurfa we Gaziantepe baryp gördüler

Çagalaryň saglygy — döwletiň gymmatly baýlygy

Aşgabat-London ugurlaryna petekler onlaýn satuwa çykarylýar

Aşgabatdan Kuala Lumpura hepdede iki gatnaw ýola goýuldy

Aşgabat-London-Aşgabat gatnawy hepdede iki gezege çykaryldy

Ata Watan Eserleri

Merkezi Aziýanyň iň iri dag-lyža şypahanasy gurlar