SPORT

Türkiýede futbol täzeden başlanýar

Türkiýäniñ Futbol federasiýasynyñ prezidenti Nihat Özdemir, şu ýylyň 12-nji iýunynda Türkiýäniñ “Spor Toto Süper ligi” futbol çempionatynyň başlanjakdygyny mälim etdi. Futbol duşuşyklary tomaşaçasyz geçiriler. Çempionatyň galan oýunlary 7 hepde dowam edip, iýul aýynyň ahyrynda tamamlanar.

Türkiýe Respublikasynda hem koronawirus ýokanjy sebäpli sport çärelerine arakesme girizilipdi. Arakesme yglan edilmezden ozal, Türkiýede futbol duşuşyklary beýleki Ýewropa ýurtlaryna garanyňda, birnäçe hepdeläp dowam etdirilen ýeke-täk Ýewropa ýurdy hökmünde tanaldy.

Türkiýäniñ futbol federasiýasynyñ prezidenti Nihat Özdemir eden çykyşynda: “Biz futbol çempionatyny iýul aýynyñ ahyrynda gowy görkezijiler bilen tamamlamak we ýeňiji bolan toparlara kuboklaryny meýdançada gowşurmak, şeýle hem awgust aýynda Çempionlar Ligasynyñ final oýnuny öz ýurdumyzda geçirmek isleýäris. Biziñ gelen kararymyz biziñ ýurdumyz üçin we Türkiýäniň futboly üçin netijeli boljakdygyna ynanýaryn” diýip belledi.

Häzirki wagtda Türkiýäniñ futbol çempionatynda 53 utuk bilen “Trabzonspor” topary birinji, 53 utuk bilen “Beşiktaş” topary ikinji we 50 utuk bilen “Galatasaraý” topary bolsa üçünji orunda barýar.

Ýene-de okaň

Russiýadan Ýewropa taryhy transfer

Nuri Sahin “Borussiýa Dortmund” toparyna tälim berer

Konor Makgregoryň tutluşygy ýatyryldy

Ata Watan Eserleri

17-nji Ýewropa futbol çempionaty başlaýar

Fernando Santos Azerbaýjanyň milli ýygyndysyna tälim berer

Ronaldodan özboluşly täze rekord