TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
PEÝDALY MASLAHAT

Türkiýedäki Türkmenistanlylar üçin HES kodu nireden alynýar?

Häzirki wagtda Türkiýede bilim alýan we dürli sebäpler bilen Türkiýede ýaşaýan Türkmenistanlylar üçin HES kodu diýlip bilinýän Hayat Eve Sığar (Durmuş Öýe Sygar) koduny nähilli  we nireden almaly soragy gyzykly bolup durýar.  Sebäbi soňky wagtda metro we şäher içi awtobus gatnawy ýaly köpçülikleýin ýerlerde hem HES kodynyň ähmiýeti artdy.

Ilki bilen HES kody näme soragyna jogap tapaýlyň! Türkiýäniň Saglyk ministrliginiň saýtyndaky maglumatlara görä, HES kody Gözegçilikli jemgyýetçilik durmuş döwründe, transport serişdelerinden we durmuş hyzmatlaryndan peýdalynylýan wagtynda HES kody berilen şahsyň  COVID 19 pandemiýasy bilen baglanşykly ýagdaýyny ygtybarly görkezýän kod serişdesidir. Paýlaşylýan HES kodynyň üsti bilen applikasynyň ýa-da edaralara berilen sistemanyň üsti bilen ýagdaý anyklanyp bolýar.

Daşary ýurtlylar HES kody alyp bilýärmi?

HES kody ilki başda Türkiýäniň raýatlary üçin herekete geçen bolsa hem, bu kody Türkiýedäki daşary ýurt raýatlary hem alyp bilerler. HES kody aslynda Applikasiýanyň üsti bilen, e-döwlet üsti bilen, şeýle hem SMS arkaly alyp bolýar.

Daşary ýurtlylar HES kody almak üçin, SMS usulyny ullanýarlar we  SMS üçin HES ýazyp, milletini, pasport belgisi, doglan ýylyny, familiýasyny we näçe günlik kod isleýän bolsa ony ýazyp ibermeli.

Türkiýedeki Türkmenistanlylar üçin HES kody

Türkiýede ýaşaýan Türkmenistanlylar HES kodyny almak isleýän bolsalar, onda, SMS üçin

  1. HES ýazmaly we bir boşluk goýmaly
  2. TKM ýazmaly we bir boşluk goýmaly (Türkmenistan üçin kod)
  3. Pasport belgisini ýazmaly we boşluk goýmaly (mysal üçin A11…. )
  4. Doglan ýalyny ýazmaly we boşluk goýmaly (mysal üçin 1990 )
  5. Soňra Familýasyny ýazmalywe boşluk goýmaly (mysal üçin Myradov)
  6. Näçe günlik HES kodyny isleýän bolsalar ony ýazmaly(mysal üçin 30)

We 2023 belgisine SMS ibermeli.

Gelin indi hemmesini bilelikde ýazaýlyň

HES TKM A11111111 1990 Myradov 30

Mobil telefonyň SMS iberilýän ýerine ýokardaky maglumaty ýazyp  2023 belgä SMS  ibermeli

Halkara uçar gatnawlarynda täze möhlet

Şäherara awtobus gatnawlary haçan başlaýar?

 

Otly gatnawlary barada täze maglumat

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Aşgabat şäheri boýunça awtoulaglary resmileşdirmek üçin nokatlaryň ýerleşýän salgylary

Ata Watan Eserleri

Sürüjilik şahadatnamasyny çalyşmaklyk üçin gerekli resminamalaryň sanawy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň raýatlaryna pasport resmileşdirmek üçin talap edilýän resminamalar

Ata Watan Eserleri

Teswirle