DÜNÝÄ

Türkiýe we Türkmenistan: Meredowyň Çawuşogly bilen duşuşygy

Şu gün, 2020-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikler wideokonferensiýa görnüşinde geçdi.

Döwlet Baştutanlary Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda şu ýylyň 24-nji maýynda geçirilen telefon arkaly gepleşikleriň barşynda, iki ýurduň daşary syýasat edaralaryna ulag-üstaşyr we söwda-ykdysady ulgamlary boýunça gatnaşyklaryny ýygjamlaşdyrmak boýunça berilen tabşyryklardan ugur alyp, taraplar ileri tutulýan ugurlar boýunça özarahereketleriň has hem işjeňleşdirilmegi babatynda ylalaşdylar.

Duşuşygyň barşynda ministrler şeýle-de iki doganlyk halklaryň arasyndaky döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejelidigini belläp geçmek bilen, dünýäniň häzirki şertleriniň nazarda tutulmagynda ýakyn geljek üçin bilelikde durmuşa geçirmek täze ähmiýetli ugurlary kesgitlediler. Bu babatda diplomatlar COVID-19 pandemiýasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça köpugurly çäreleriň hem-de bilelikdäki tagallaryň aýratyn ähmiýetini nygtap geçdiler. Şunlukda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň toplumynda bar bolan özarahereketleriň tejribesiniň we mümkinçilikleriniň hemmetaraplaýyn ulanylmagy boýunça taýýarlyklar hem aýratyn bellenildi.

Gepleşikleriň dowamynda diplomatlar şeýle-de sebit hem-de dünýä derejesinde bar bolan çylşyrymly ýagdaýlaryň nazarda tutulmagynda iki ýurduň syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ulgamlaryndaky özaragatnaşyklarynyň giň toplumyna seredip geçdiler.

Bu ugurda dürli derejelerdäki gatnaşyklaryň aýratyn derwaýyslygy, şonuň ýaly-da iki ýurduň döwlet we hususy ulgamlarynyň arasyndaky duşuşyklaryň dikeldilmeginiň, başlangyç tapgyrda onlaýn ýagdaýynda ýola goýulmagynyň zerurlygy nygtalyp geçildi.

Ýene-de okaň

Hytaý bilen Gruziýanyň arasynda wizasyz döwür başlandy

Wengriýada täze prezident saýlandy

Antoniu Guterriş Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine çagyryldy

Aşgabatda “Lapis Lazuli” ulag geçelgesi boýunça bäştaraplaýyn duşuşyk geçiriler

Türki akademiýasynyň wekiliýeti Türkmenistana geler

Magtymguly Pyragynyň golýazmalarynyň nusgalary “British Library” kitaphanasynda saklanýar