TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkiýe Türkmenistanyň gatnaşmagyndaky 3 taraplaýyn ähtnamany tassyklady

2022-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Türkiýe Respublikasynyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda geçirilen üçtaraplaýyn sammitde gol çekilen ähtnama tassyklandy.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň, Türkiýe Respublikasynyň we Azerbaýjanyň arasynda gümrük babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça bilelikdäki konsultatiw topary döretmek hakyndaky özara düşünişmek boýunça ähtnamanyň tassyklanmagyna degişli kararnama gol çekdi.

Bu kararnama Türkiýe Respublikasynyň resmi gazetinde neşir edildi. Şol neşirde bellenilip geçilişi ýaly, bu ähtnama 3 ýurduň arasynda gümrük hyzmatdaşlygy üçin bilelikdäki konsultatiw topary döretmäge, şeýle hem bu ulgamda hyzmatdaşlygy has-da gowulandyrmak üçin maglumat alyş-çalşygyny ýola goýmaga mümkinçilik berer.

Mälim bolşy ýaly, Azerbaýjanyň Prezidenti bu resminamany şu ýylyň 27-nji aprelinde tassyklamak hakyndaky karara gol çekipdi.

Ýene-de okaň

Hormatly Prezidentimiz Türkiýäniň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasy köpçülikleýin welosiped ýörişini gurady

Ärdoganyň wezipesine girişmek dabarasy geçiriler

Teswirle