TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkiýe Türkmenistanyň daşary syýasatynda möhüm orun eýeleýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň daşary syýasatyna degişli wajyp meselelere garaldy.

Türkmenistanyň Prezidenti mejlisde edne çykyşynda Türkiýe Respublikasy, Türki Döwletleriň Guramasy hem-de TÜRKSOÝ guramasy bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini belledi.

Ýurdumyzyň daşary syýasatynda Türkiýe Respublikasyna giň orun berilýär. Bu döwlet bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyz ýylsaýyn ösýär we giňeýär. Biz strategik derejede alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzy ähli ugurlarda mundan beýläk-de kämilleşdireris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Türki Döwletleriň Guramasy bilen gatnaşyklar hem netijeli ösdürilýär. Ýurdumyz geçen ýylyň noýabryndan bäri guramanyň düzümine synçy derejesinde gatnaşýar. Bu guramanyň dürli çärelerini, şol sanda ýokary derejedäki duşuşyklaryny Türkmenistanda geçirmek boýunça hem zerur bolan işleri alyp barmak möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Türki medeniýetiň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ bilen hyzmatdaşlygymyz soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykdy. Türkmenistan bu guramanyň maksatnamalaryna örän işjeň gatnaşýar. Ýaňy-ýakynda TÜRKSOÝ-nyň Hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisinde 2024-nji ýylyň «Meşhur türkmen akyldar şahyry Magtymguly Pyragy ýyly» hem-de Türkmenistanyň gadymy we taryhy Änew şäheriniň «2024-nji ýyl üçin türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi barada çözgütler kabul edildi. Bu möhüm çäreleri ýokary derejede guramak we geçirmek üçin, indiki ýyldan başlap, TÜRKSOÝ bilen bilelikde degişli taýýarlyk işlerine girişmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Halkara guramalar Arkadag şäherine gyzyklanma bildirýär

Baş Redaktor

Türkmenistanyň Prezidenti Belgiýanyň Patyşasyny gutlady

Teswirle