TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkiýe Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň ylalaşygyndan hoşal boldy

Mälim bolşy ýaly, türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň ösüşinde täze tapgyry alamatlandyrýan Hazardaky iri «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek boýunça möhüm resminama gol çekmek dabarasy göni wideoaragatnaşyk arkaly iki döwletiň Baştutanlary Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew gatnaşmagynda amala aşyryldy.

Biz hem “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty hökmünde bu möhüm resminama bilen baglanyşykly habarlary türkmen, iňlis, rus we türk dillerinde okyjylar köpçüligine ýetirdi.

Hazar deňziniň iki kenarynda ýerleşýän dostlukly ýurtlar bolan Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda gol çekilen ylalaşyk bilen baglanyşykly Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrligi tarapyndan hem beýanat berildi.

Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň www.mfa.gov.tr resmi internet sahypasynda ýerleşdirilen “2021-nji ýylyň 21-nji ýanwary, Belgi: 31, Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmegi barada” atly beýanatda hususan-da şeýle diýilýär.

–  Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň Hazar deňzindäki “Dostluk” diýlip atlandyrylan uglewodorod ýatagynyň bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek babatda ylalaşyga gelmegini uly hoşallyk bilen kabul edýäris.

Bu şertnamanyň iki ýurduň dostlugyny pugtalandyrmagyny, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň dostlukly we dogan halklary üçin peýdaly bolmagyny we sebitiň gülläp ösmegine we durnuklylygyna goşant goşmagyny arzuw edýäris.

Şeýle hem bu şertnamanyň Türkiýe bilen Ýewropanyň galan böleginiň energetika howpsuzlygyny ýokarlandyrjak taslamalaryň hem öňüni açmagyny arzuw edýäris.

 

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Russiýa: ylalaşyklaryň toplumyna gol çekiler

Türkmenistanyň Prezidenti Sadyr Žaparowy doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Azerbaýjana sapary

Teswirle